15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagy teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine durnukly ösüşi we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, halkara hukugynyň esaslaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hem-de 2027–2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky başlangyçlaryny ýatlatdy.
«Halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň biziň dialogymyzyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu başlangyçlaryň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyljakdygyna umyt bildirdi. Şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga çagyrdy.