16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Garagum sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň tebigy baýlyklaryň goralyp saklanmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde birnäçe möhüm mesele aýratyn bellenildi.
Birinjiden, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmek, ekologiýa gözegçiligini ösdürmek, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramak. Halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasy we Hereketleriň meýilnamasy bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýar.
Ikinjiden, serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy serişdeleri gorap saklamak maksady bilen sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Üçünjiden, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmak. Tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr.
«BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hem-de deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.