Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi

view-icon 131
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýerewanda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläniň aýratyn ähmiýetini nygtap, gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady.

«Türkmenistan ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.