Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 85
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde degişli ideg işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda dowam edýän pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görlüp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ekişde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilip, ekiş geçirilen ýerlerde endigan gögeriş alynýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär.

Mundan başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda guraljak dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda dowam edýän pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan meýdanlarda bolsa ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Şeýle hem häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görlüp, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we awtoulaglaryň netijeli işledilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek boýunça işler dowam edýär.

Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri soňky tapgyrda dowam edip, ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde, netijeli işletmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.