Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 88

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Filippinler ýurtlarymyzyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýär.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kiçi Ferdinand MARKOS,
Filippinler Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize öz adymdan we Liwanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Bu şanly senede Siziň ýurduňyza we dostlukly halkyňyza mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk hem-de durnuklylyk dileg edýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, halklarymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Jozef AUN,
Liwan Respublikasynyň Prezidenti.