Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň dowamynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlanyp «Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.