Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi we onuň dowamynda döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Agajanow Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly XXXI halkara maslahata we sergä taýýarlyk barada hasabat berdi.
Halkara maslahat «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» diýen şygar astynda geçiriler. Çäräniň esasy ugurlary plenar mejlisleri, tematik forumlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmekden ybarat bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahaty we sergini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.