Ï «CIPCC-2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde Hytaýyň Hançjou we Ninbo şäherlerine halkara metbugat gezelenji guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«CIPCC-2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde Hytaýyň Hançjou we Ninbo şäherlerine halkara metbugat gezelenji guraldy

view-icon 33
«CIPCC-2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde Hytaýyň Hançjou we Ninbo şäherlerine halkara metbugat gezelenji guraldy

Häzirki zaman bütindünýä syýasy we ykdysady gurluşynda döwletleriň halkara meýdanyndaky ornuny diňe bir olaryň ykdysady görkezijileri däl, eýsem, taryhy-medeni mirasyň häzirki zaman tehnologik gazanylanlar bilen sazlaşykly utgaşdyrylyşy hem kesgitleýär. Hytaý Halk Respublikasynyň soňky ýyllarda durnukly durmuşa geçirýän «Täze eýýamda Hytaýy açmak» strategiýasy hut şu ýörelgä esaslanýar. Hytaý Halk Respublikasynda žurnalistler üçin «China International Press Communication Center-2026» (CIPCC) halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde Hytaýyň Hançjou we Ninbo şäherlerinde geçirilen halkara metbugat gezelenji ýurduň köpasyrlyk taryhy ýoluny, şu günki innowasion kuwwatyny we geljege gönükdirilen strategik meýilnamalaryny bir bitewi ulgamda aýdyň şöhlelendirdi. Gezelenç sapary 17 – 20-nji oktýabr aralygynda geçirildi.

Saparyň ilkinji gününde Hançjou şäheriniň Ýuýhan etrabynda ýerleşýän arheologik ýadygärlik bolan Lýançju – gadymy şähere gezelenç guraldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Lýançju şäheriniň arheologik harabalary Ýanszy derýasynyň aşaky akymynda dörän irki döwlet gurluşynyň synmaz şaýadydyr. Bäş müňýyllyk taryha eýe bolan bu toprakda geçirilen arheologik barlaglar, köşk toplumy, şäher diwarlary we suw hojalyk ulgamlary gadymy Hytaý siwilizasiýasynyň ýokary guramaçylyk derejesini görkezýär. Lýançju muzeýinde saklanýan nefrit (ýaşma) önümleri, gara keramikalar we zähmet gurallary diňe bir taryhy tapyndylar bolman, eýsem, şol döwrüň jemgyýetçilik ierarhiýasyny, ruhy ynam-ygtykatlaryny we döwlet häkimiýetiniň esaslaryny aýdyňlaşdyrýar. Taryhy mirasa şeýle çuňňur sarpa goýulmagy hem-de «Ýuýnýaotszi» ýaly döwrebap medeni-köpçülikleýin giňişlikleriň döredilmegi häzirki zaman Hytaýyň jemgyýetçilik durnuklylygyny hem-de milli buýsanjyny berkitmekde esasy syýasy daýançlaryň biri bolup hyzmat edýär.

18-nji oktýabrda geçirilen halkara dialogyň meýdançasyna öwrülen «Lýançju forumy» medeni mirasy gorap saklamak we gadymy siwilizasiýalaryň özara baglanyşygyny öňe sürýär.

Geljegiň ylmy-tehnologik binýady bolsa ylym we bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegi arkaly tutulýar. Çjeszýan uniwersitetiniň Geljegi öwreniş merkezine guralan gezelençde merkeziň «AI + X» konsepsiýasy boýunça emeli aňyň mümkinçiliklerini ähli ylym ugurlaryna ornaşdyrmagyň amala aşyrylyşy bilen tanyşmak aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem ýurtdaky ilkinji iri milli ylmy-tehnologik infrastruktura obýektleriniň biri bolan super-grawitasiýa modelleri we eksperimental desgalary merkezi (CHIEF) ýerasty suw giňişliklerini özleşdirmekde, täze materiallary döretmekde ylmy barlaglary geçirmäge şert döredýär.

19-njy oktýabrda bolsa Hangçjou şäheriniň Bintszýan ýokary tehnologik zolagynda ýerleşýän Emeli aňy tejribe hökmünde ulanmak boýunça milli maglumatlar bazasyna gezelenç guraldy. Ol ýerde robototehnika we fiziki emeli aň barlaghanadan önümçilige tizlik bilen geçirilýär. «Chint Group» kompaniýasynyň sanly energetika binasyndaky fotoelektrik we energiýa saklaýjy ulgamlar döwletiň «pes karbonly we ekologik taýdan arassa ösüş» syýasatyna doly gabat gelýär. Ösüşiň şeýle täze görnüşi däp bolan senagat taryhyny hem çetde galdyrmaýar. Ninbodaky «Consinee Group» kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan, 5G ulgamynda zähmet çekýän «çyrasyz fabrikasy» däp bolan tekstil senagatynyň innowasion özgerişiniň aýdyň nusgasydyr.

Saparyň ahyrky gününde bütin dünýäde ýük dolanyşygy boýunça birinji orny eýeleýän Çjeszýan port toparyna – Ninbo-Çjouşan portunyň Çuanşan zolagyna gezelenç guraldy. Bu port toparynyň birleşdirilen edara ediş modeli Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň deňiz duralgasy hökmünde açyklygy, azat söwdany we halkara integrasiýany bütin dünýä nusga edýär.

Gadymy Lýançju siwilizasiýasyndan başlanyp, Bintszýanyň emeli aň barlaghanalaryna we Ninbo-Çjouşanyň ägirt uly portlaryna çenli uzaýan bu ösüş ýoly Hytaýyň häzirki zaman döwlet gurluşyny aýdyň beýan edýär. Taryhy miras, ylmy-tehnologik ösüş, ekologik energiýa we global söwda integrasiýasy biri-birini dolduryp, döwletiň täze eýýamda durnukly we kuwwatly ösüşini üpjün edýän esasy syýasy-ykdysady binýat bolup hyzmat edýär.