Ï Türkmenistan Ýewraziýa energetikasy üçin ygtybarly daýanç nokadydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Ýewraziýa energetikasy üçin ygtybarly daýanç nokadydyr

view-icon 91
Türkmenistan Ýewraziýa energetikasy üçin ygtybarly daýanç nokadydyr

Aşgabatda däp boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda geçirilýän 31-nji Halkara "Türkmeistanyň nebiti we gazy" (OGT 2026) maslahaty we sergisi açylýar. Bu çäre onlarça ýurduň (“Baker Hughes”, “Dragon Oil”, “PETRONAS”, “SOCAR”, “BOTAŞ” we beýleki iri kompaniýalaryň) wekillerini bir ýerde jemledi, bu bolsa Türkmenistanyň Ýewraziýanyň energiýa howpsuzlygynyň esasy halkasy we täze infrastruktura taslamalarynyň hereketlendiriji güýji hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Bilermenler soňky ýyllarda Türkmenistanyň energetika pudagynda ýüze çykýan meýilleri bellemek bilen, ýurduň ünsüni çig mal eksportyndan ýokary goşmaça gymmaty bolan önümleriň önümçiligine yzygiderli gönükdirýändigini nygtaýarlar. Gaz-himiýa toplumlary (polimerler, karbamid we sintetik benzin) döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy inženerçilik kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda täze nebit-himiýa toparlary döredilýär.

Türkmeistan, şeýle hem, metan zyňyndylaryny azaltmak, uglerody sorup aýyrmak (CCUS) we hemra çözgütlerini ulanmak bilen, daşky gurşawa gözegçilik etmek tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ünsi jemleýär. Geologiýada gözleg we gaýtadan işleme amallaryny has amatly etmek üçin, emeli aň we sanly meňzärler ornaşdyrylýar.

Mundan başga-da, ýurdumyz dünýäniň gury ýerdäki iň uly gaz ýataklarynyň birinde senagat taýdan özleşdirmegiň indiki tapgyrlaryny yzygiderli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Bu zatlar maýa goýumçylarynyň ünsüni özüne çekmän bilmez.

Häzirki forum "Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş" şygary astynda geçirilýär. “Galkynyş” gaz käniniň mundan beýläk-de ösdürilmegi, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy we Hazar deňziniň türkmen böleginde maýa goýum mümkinçilikleri hünärmenlerdir bilermenleriň üns merkezinde bolar.

Maksatnama ministrler derejesindäki duşuşyklary, halkara sergini, şeýle hem energetika kompaniýalarynyň, maýa goýujylaryň, tehnologiýa bilen üpjün edijileriniň we Türkmenistanyň şu pudaga degişli edaralarynyň arasyndaky işewür gepleşikleri-de öz içine alýar.