A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna ussatlary diňe teatrlaryň tomaşa zallarynda däl, eýsem, güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde hem yzygiderli çykyş edýärler. Şu günlerde bolsa meşhur teatryň tejribeli sahna ussatlary ýurdumyzyň Günbatar sebitinde döredijilik saparynda bolup, gyzykly göçme çykyşlary guraýarlar. Olaryň welaýatyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynda, welaýat merkezinde hem-de Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde görkezen sahna oýunlary tomaşaçylaryň söýgülerine mynasyp boldy.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowanyň, sahna goýujylar Kyýas Gurbanowyň, Baýram Garajaýewiň sahnalaşdyran «Puşkin», «Güýzki wals», «Erkek kişiniň zenanyňka gelmegi», «Sahnanyň gudraty», «Gündogar owazy», şeýle-de çagalar üçin niýetlenilen «Tokaýdaky sirk», «Şadyýan möjek» ýaly sahna oýunlary welaýatyň ýaşaýjylaryna, olaryň myhmanlaryna diýseň ýarady. Dostlukly halkyň durmuşy, ruhy-ahlak ýörelgeleri, milli gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyran sahna eserleri teatr muşdaklarynda ýatdan çykmajak özboluşly duýgulary, täsirleri döretdi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen keşpler dowamly, şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşlanyldy. Şeýle pursatlar bolsa tejribeli artistleriň ýadawsyz zähmetleriniň ýerine düşendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Sahna oýunlarynyň şowly çykmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri Alina Andronowanyň, Kerim Ataýewiň, şeýle-de artistler Tatýana Öwezmyradowanyň, Merdan Nurmuhammedowyň, Atageldi Guseýnowyň, Mihail Rogowyň çäksiz zehindir zähmet siňdirip döreden keşpleri aýratyn bellärliklidir.

Gyzykly sahna oýunlarynyň dowamynda Balkan welaýatynyň teatr muşdaklarynyň meşhur teatryň sahna ussatlaryna bildiren hoşallyklary, aýdan alkyşly sözleri-de olary täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Şeýle-de zehinli artistler hem-de teatr sungatynyň muşdaklary sahna eserlerini döretmekde, medeni-dostluk gatnaşyklaryny rowaçlandyrmakda döredip berýän döwrebap şertleridir mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.