Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 137

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, ýurduňyzyň Hökümetine we halkyna mähirli salamymy ýetirmäge we şanly baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şri-Lanka bilen Türkmenistan ynanyşmaga we dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýarlar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň geljekde-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze ugurlar boýunça has-da giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Anura Kumara DISSANAÝAKE,
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň dostlukly halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Müsür bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha bermek we halklarymyzyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga bilelikdäki tagallalarymyzy dowam etmäge taýýardygymy ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.

Size iň gowy arzuwlarymy beýan etmek, ýurduňyzyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuwlamak bilen, hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.