Ï Aşgabatda halkara fleşmob çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda halkara fleşmob çäresi geçirildi

view-icon 86
Aşgabatda halkara fleşmob çäresi geçirildi
Aşgabatda halkara fleşmob çäresi geçirildi
Aşgabatda halkara fleşmob çäresi geçirildi
Aşgabatda halkara fleşmob çäresi geçirildi

Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynda şatlykly fleşmob çäresi geçirildi. Taslamanyň sazlaýjysy – žurnalist we kompozitor Aýna Şirowa. Halkara fleşmob çäresi Aşgabatda, ine, indi birnäçe ýyl bäri geçirilýär. Bu ýyl onuň geografiýasy Änew we Arkadag şäherlerinden gelen eserleriň hasabyna has-da giňeldi. Fleşmob çäresine çagalar hem, ulular hem işjeň gatnaşýarlar.

Fleşmob çäresine islegi bolan her gatnaşyjy öz işini getirip, kir seren ýaly, ýüpden asyp, geýim gysgyjy bilen gysdyryp bilýärdi. Çäräniň özeni-de şu: hemmeler özüni suratkeş hökmünde duýar ýaly, ähli suratlar daşarda çekilen ýüplerde serilýär.

2026-njy ýyldaky fleşmob çäresiniň mowzugy «Fotosurat we grafika» boldy. Sergä gatnaşýanlar dürli usullarda – akwarel, guaş, galam, flomaster bilen çekilen we gurama usulynda ýerine ýetirilen işlerini getirdiler. Hatda mata däl-de, kagyz ýüzüne çekilen hakyky keşdeler hem bardy. Her bir suratkeş bu gyzykly mowzuk boýunça öz garaýşyny görkezdi. Kimdir biri fotosuratçylygyň we grafikanyň elementlerini utgaşdyrmakçy bolupdyr: otagyň alnan suratynda mebeliň ahyry elde çekilipdir. Başga bir pikir simmetriýada öz beýanyny tapypdyr, bu ýerde bir tarapy fotosurat, beýleki tarapy bolsa çekilen surat.

Käbir işler fotosuratçylyk sungaty bilen gönüden-göni baglanyşykly. Suratkeşler yşygyň we kölegäniň oýnuny, fotoýagtylyjy ýa-da surat alýanyň obýektiwden gören şekilini görkezmäge synanyşypdyrlar.

Çäräniň iň täsirli pursady oňa Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alýona Grandyň gatnaşmagy boldy. Diplomat fleşmob çäresine ýöne gatnaşman, eýsem, oglunyň çeken işini hut öz eli bilen ýüpden asdy.