Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat, şeýle hem döredijilik işgärleri dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän festiwallara, sergilerdir döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler. Milli sungatymyzy dünýäde wagyz etmekde gazanylýan şeýle üstünlikleriň aňrysynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýändigi dur. Munuň özi, Türkmenistan döwletimiz bilen dünýäniň ýurtlarynyň, şonuň bilen bir hatarda, türki medeniýetli döwletleriň (TÜRKSOÝ) halkara guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejelere göterýär. Geçirilen şeýle medeni çäreleriň türki dilli halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Hemişelik Bitaraplygyň şanly 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda, tas takygy, 2026-njy ýylyň 18−23-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň eminler toparynyň agzasy hökmünde Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry ahalteke bedewiniň dünýädäki şöhratyny, şeýle hem türki halklaryň dost-doganlygyny dabaralandyrýan, B.Annanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» atly spektakly bilen gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Mälim bolşy ýaly, belli kino aktýor, režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow «Ak at» atly pýesasyny öz durmuşyndan we taryhy wakalardan ylham alyp döredipdir. Onda Aşgabat ýer titremesinde ýan ýoldaşyny we 3 aýlyk çagasyny ýitiren Jemal ejäniň Baku şäherinde uzak ýyllaryň dowamynda bejergi alansoň, öz perzendiniň gözlegini çykyşy hem-de goňşy Daşkent şäherindäki çagalar öýünden alyp Nazira atly özbek zenanyň ogullyk edip terbiýeleýşi örän tasirli wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Jemal ejä perzendi Alyşiri tapmaga, seýis kakasy tarapyndan ýasalyp, çagaka boýnuna dakylan dagdandan bejerilen ak atyň heýkeljigi ýardam edýär. Alyşiri terbiýeläp ýetişdiren Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň professory, Özbegistanyň halk artisti, belli kino we teatr artisti Nazira Alyýewa halypa artistimiz B.Ananowyň halypasy-hünär dersleri mugallymy bolýar.

Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalyna gatnaşan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary bu sahna eserinde şeýle täsirli wakalaryň üsti bilen köp asyrlyk taryhly halkymyzyň parahatsöýjilik, ynsanperwerlik hem-de dost-doganlyk ýörelgeleri giňden dabaralandy. Sahna oýnunda bedew atyň türkmen bilen ykbaldaşlygy hem-de ýigidiň goşa ganatydygy durmuş wakalarynyň üsti bilen janlandyryldy.

Spektakl tamamlansoň, baş gahryman Nazira Alyýewanyň agtygy, häzirki wagtda Özbegistanyň döwlet gurjak teatrynyň baş režissýory bolup zähmet çekýän, belli artist we halypa dramaturg Dinara Ýoldaşowanyň sahna çykmagy hem-de dünýäde parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik hem-de halklaryň dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýtmagy diýseň tolgundyryjy duýgulary bagyş etdi. Tomaşaçylar ýerlerinden ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna hem-de halkara teatr festiwalyna şeýle döredijilik sowgadyny getiren teatr artistlerine sagbolsunlaryny bildirdiler.

Halkara festiwalyň emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «At at» satly sahna oýny halkara teatr festiwalynyň iň ýokary baýraga – «Parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de dostluk temasyndan iň gowy sahna oýny» atly baýraga mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň teatrlary indi bassyr üç ýyl bäri Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň arasynda geçirilýän halkara teatr festiwalynda baş baýraga eýe bolup gelýär. 2024-nji ýylda «Änew –türki dünýäniň medeni paýtagty» – diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda geçirilen «TÜRKSOÝ» atly II halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Pursat» atly sahna oýny, 2025-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Baýram han Türkmen» atly sahna oýny üçin baş baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzyň teatr ussatlaryna şeýle abraýly halkara üstünligini gazanmak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary «At at» satly sahna oýny bilen mynasyp boldy.
Şunuň bilen baglylykda teatryň döredijilik topary halkara festiwalyň birnäçe baýraklary bilen sylaglandy. Hususan-da, türkmen teatrynyň sahnalaşdyran ajaýyp drama eseri bolan «Ak at» atly spektakly TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň kubogy, şeýle hem bu sahna üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Andijan şäheriniň häkimliginiň IV halkara teatr festiwalynda parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk temasyndan iň gowy spektakl atly baýragyny tassyklaýan Diplom, halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň baş ýolbaşçysy N.Hojaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň oýun goýujy režissýory M.Jumabaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Sport, syýahat we saglyk» bölüminiň müdiri G.Hemraýewa Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hormat haty, halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy we festiwalyň üstünlikli geçirilmegigine saldamly goşant goşandygy üçin Türkmenistandan gatnaşan döredijilik wekiliýetiniň ähli agzalary Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.
Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli boljak ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara belli režissýorlar hem-de dramaturglar, teatr sungatyny öwreniji alymlar, belli teatr artistleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzdan halkara festiwalyna wekilçilik eden sungat we medeniýet işgärleri festiwalyň çäklerinde Andijan şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler. Şäheriň gözellikleri sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny has-da joşdurdy.
Bu halkara teatr festiwalynyň ýokary baýragyna mynasyp bolan teatr artistleri dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu sungat baýramynyň köňülleri birleşdirýändigini, birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn belläp, özlerine şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.