Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur many-mazmunly eseriniň ýapon diline terjime edilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini esasy ugur edinýän daşary syýasatynyň rowaç gadamlary barha dabaralanýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynda hem şu hakykat aýdyň beýan edilýär. Täze eseriň ýapon diline terjime edilmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehininden dörän kitabyň dünýä giňişligindäki okyjylarynyň sanynyň has-da artmagyny şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy, taryhy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we ynsanperwer ähmiýetli döwrebap pikirlenişe daýanýan mazmuna eýedir. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi, onuň häzirki zaman derwaýys meseleleriň oňyn çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär. Şeýle hem onda Türkmenistanyň daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklarda eýeleýän işjeň orny, ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary giňişleýin seljerilýär, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlara üns çekilýär hem-de ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere nazar salynýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda bellenilişi ýaly, türkmen halky üçin Bitaraplyk öz taryhynyň, medeniýetiniň, ruhunyň we milli häsiýetiniň tebigy dowamydyr. Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş bolan parahatçylyk syýasatydyr.
Dabarada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki çykyş edip, bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini alamatlandyrýan waka öwrülendigini nygtady. Şeýle hem ol bu wakanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze eseriniň ýapon diline terjime edilen neşiri bilen tanyşdyrmak we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezmek ýaly wajyp ugurlary öz içine alýandygyna ünsi çekdi.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon okyjylaryna ýetirilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyny aýdyň äşgär edýän bu çäre ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň we bu ugurda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Täze kitap ýokary çaphana usulynda neşir edildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleri ýerleşdirilip, bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.