Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 107

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk ýurduň halkyna Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berýändigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.