Aşgabatda 29 – 30-njy oktýabr aralygynda «Metan baradaky maglumatlardan anyk çärelere: Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, maýa goýumlaryny çekmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly sebit maslahaty geçirilýär. Forum Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de Global Methane Hub (GMH) guramasynyň goldaw bermeginde guraldy.
Maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Maçeý Adam Madalinski çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň howa meseleleri boýunça gün tertibinde eýeleýän öňdebaryjy ornuna ýokary baha berip, ýurduň halkara derejedäki ähmiýetli ornuny aýratyn nygtady.
«Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara işe gatnaşmaga ygrarlydygyny ilkinji bolup beýan eden ýurtlaryň biridir. Bu bolsa, öz gezeginde, meseläniň näderejede möhümdigini ýene bir gezek tassyklaýar» diýip, diplomat belledi.

M.A.Madalinskiý Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary mundan beýläk-de yzygiderli birleşdirjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem metan zyňyndylaryny iş ýüzünde azaltmagyň ýer ýüzüniň ekologiýa ulgamyna oňyn täsir edip biljekdigini nygtady.
Ýewropa Bileleşiginiň wekili ýakynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahata we sergä (OGT 2026) Ýewropa wekiliýetiniň gatnaşandygyny hem ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, ol «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň energetika pudagynda zyňyndylara yzygiderli gözegçilik etmegi we olary azaltmagy maksat edinýän BMG-niň «Nebit-gaz pudagynda metan» 2.0 (OGMP 2.0) ählumumy başlangyjyna gatnaşmak bilen baglanyşykly alyp barýan işlerine aýratyn ünsi çekdi.
Diplomat Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň Türkmenistana we sebit ýurtlaryna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady. Ol öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we arassa energiýa babatda halkara standartlary durmuşa geçirmek arkaly ýurtlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini açmaga ýardam beriljekdigini belledi.