Ï Ekologik durnuklylyk ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologik durnuklylyk ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk

view-icon 131
Ekologik durnuklylyk ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk

29 – 30-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde «Metan baradaky maglumatlardan anyk çärelere: Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, maýa goýumlaryny çekmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly sebit maslahaty geçirilýär.

Giň gerimli maslahat Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de Global Methane Hub (GMH) guramasynyň goldaw bermeginde guraldy. Çäre esasy ünsi nebitgaz pudagyna gönükdirilen «Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak üçin mümkinçilikleri ösdürmek» (CA CBMER) taslamasynyň çäklerinde geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa we suw diplomatiýasy boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow maksatnamalaýyn çykyş etdi. Ol ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň örän derwaýysdygyny nygtap, metan gazynyň parnik täsiriniň ýokarydygyna we onuň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirine ünsi çekdi.

«Metanyň mukdarynyň artmagy howanyň üýtgemegine düýpli täsir edýän ýagdaýlaryň biridir. Onuň zyňyndylaryny azaltmak bolsa, ýakyn 10 ýylyň dowamynda ählumumy maýlamagyň depginini peseltmegiň netijeli usulydyr» diýip, diplomat belledi.

Daşary syýasat edaranyň wekili daşky gurşawa ýetirilýän antropogen täsiri azaltmak boýunça Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat berdi. Baý energetika serişdelerine eýe bolan Türkmenistan nebitgaz, energetika we ulag pudaklarynda öňdebaryjy ekologik taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Döwlet syýasatynyň möhüm gurallarynyň biri hökmünde kanunçylyk başlangyçlary we senagat pudagyny uglerodsyzlaşdyrmak, hojalyk işini howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak hem-de suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça esasy ugurlary kesgitleýän Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden Türkmenistan Pariž ylalaşygynyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygyny, 2023-nji ýylda bolsa Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, halkara giňişliginde aýgytly çäreleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklandygyny ýatlatdy.

Çykyşda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek meselesine hem aýratyn üns berildi. Bu işler degişli milli kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.

«Ýurtda Gün we ýel energiýasynyň mümkinçiliklerini özleşdirmek boýunça işler işjeň alnyp barylýar. Balkan welaýatynda Gün we ýel energiýasy bilen işleýän utgaşykly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň uzakdaky sebitlerinde awtonom energiýa ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr» diýip, DIM-niň geňeşçisi belledi.

M.Akmyradow umumy klimat maksatlaryna ýetmek ugrunda BMG-niň düzümleri, halkara maliýe we ekologiýa gaznalary, şeýle hem ylmy jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga Türkmenistanyň hemişe açykdygyny ýene bir gezek tassyklady.