Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy

view-icon 141
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belledi. Şeýle hem Pol Kapur pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşjakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu geňeşmeleriň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, myhmanyň gepleşikleriniň netijeli we saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldaýandygyny aýdyp, munuň üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Pol Kapur ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýandygyny belläp, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ornunyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, myhman ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada belläp, soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «C5+1» formatdaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabr aýynda Waşington şäherine amala aşyran iş sapary munuň aýdyň mysalydyr. Saparyň dowamynda Prezident Donald Tramp bilen netijeli duşuşyklar geçirildi. Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ony ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Gahryman Arkadagymyz möhüm saparlaryň hatarynda şu ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň Florida ştatyna amala aşyran saparyny belledi hem-de ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky duşuşygynyň geçirilmeginiň sebit derejesinde syýasy dialogy, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda «Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Şeýle hem iki ýurduň arasynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär we ýakynda Aşgabat şäherinde onuň nobatdaky maslahaty geçirildi.

«Türkmenistan tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýär, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda çykyş edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.