Ï Küşt boýunça milli Kubogyň ýeňijileri belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Küşt boýunça milli Kubogyň ýeňijileri belli boldy

view-icon 9
Küşt boýunça milli Kubogyň ýeňijileri belli boldy
camera-icon
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Aşgabat şäherinde intellektual sportuň uly baýramçylygyna öwrülen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşy tamamlandy. 23-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli geçirilen ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden jemi 364 küştçi gatnaşdy. On günüň dowamynda dürli ýaşdaky türgenler, ýaş zehinlerden başlap, tejribeli ussatlara we weteranlara çenli nusgawy küşt, çalt (rapid) we juda çalt (blis) görnüşleri boýunça birinjilik ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň «A» toparynda birbada iki sany ýokary derejeli baýragy Amanmuhammet Hommadow eýelemegi başardy. Ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby, şeýle hem Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgenidir. Tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda çykyş eden ýaş küştçi nusgawy küşt boýunça mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk toplap, ýokary ussatlygyny we durnuklylygyny görkezdi. Soňra çalt (rapid) görnüşinde hem 9 utuk bilen altyn medala mynasyp boldy.

«A» toparynda nusgawy küşt boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew 8,5 utuk bilen kümüş, Ilhan Çaryýew bolsa 8,5 utuk bilen bürünç medal gazandy. «RAPID-A» görnüşinde bolsa «Küşt älemi» akademiýasynyň wekili Orazaly Şyhalyýew 8,5 utuk bilen ikinji, Ilhan Çaryýew bolsa 8 utuk bilen üçünji orny eýeledi.

«B» toparlarynda hem gyzykly we çekeleşikli bäsleşikler geçirilip, ýaş zehinler öz başarnyklaryny aýdyň görkezdiler. Nusgawy küşt (STANDARD-B) boýunça Mary welaýatyndan Täçmyrat Serdarow 10 utuk toplap, ynamly ýeňiş gazandy. Aşgabat şäherinden Abdylla Çaryýew 9,5 utuk bilen ikinji, Emine Tokgaýewa bolsa 9 utuk bilen üçünji orna mynasyp boldy. Täçmyrat Serdarow çalt (rapid) (RAPID-B) görnüşinde hem üstünlikli çykyş edip, ýene-de 10 utuk bilen altyn medaly eýeledi. Abdylla Çaryýew we Nurmuhammet Azymow bolsa hersi 9 utuk toplap, degişlilikde kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Juda çalt (blis) görnüşindäki ýaryşlar has täsirli boldy. «BLITZ-A» toparynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew 9,5 utuk bilen Kubogyň eýesi boldy. Leýla Şöhradowa 9 utuk bilen ikinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ikinji ýyl talyby, Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgeni Ahmet Gubataýew bolsa 8,5 utuk bilen üçünji orny eýeledi.

«BLITZ-B» toparynda Mary welaýatyndan Aýnur Batyrowa 10 utuk toplap, ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy. Nurmuhammet Azymow 9,5 utuk bilen ikinji, Lebap welaýatyndan Azat Rejepow bolsa 9 utuk bilen üçünji orna mynasyp boldy.

Zenan küştçüleriň garyşyk toparlardaky üstünlikli çykyşlary hem ýaryşyň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Aýnur Batyrowanyň altyn, Leýla Şöhradowanyň kümüş, Emine Tokgaýewanyň bürünç medal gazanmagy zenan küştçüleriň ýokary ussatlygyny we ýurdumyzyň sport durmuşyndaky ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi.

Ilkinji gezek guramaçylar tarapyndan weteran küştçüler üçin aýratyn toparlar döredildi. 65 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda halkara ussat, Türkmenistanyň çempiony Karen Grigorýan 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Mämmetanna Halymow we Myrat Ýakubow hersi 5 utuk bilen baýrakly orunlara mynasyp boldular. 50 ýaşdan ýokary gatnaşyjylaryň arasynda Akmeret Kakalyýew 4,5 utuk bilen ýeňiji boldy. Gaýgysyz Tagyýew 4,5 utuk bilen ikinji, Kamil Romanow bolsa 4 utuk bilen üçünji orny eýeledi.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy yzygiderli dördünji gezek geçirilýär. Ýaryşa gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy onuň meşhurlygynyň we ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Hususan-da, 2024-nji ýylda 285 küştçi gatnaşan bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 363-e, 2026-njy ýylda bolsa 364 türgene ýetdi.

Ýaryşyň görnüşleriniň giňeldilmegi we täze toparlaryň girizilmegi bu bäsleşigi diňe bir sport ýaryşy däl-de eýsem, Türkmenistanda küşt oýnunyň giň köpçülik üçin elýeterliliginiň, inklýuziwliginiň we nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygyň nyşanyna öwürdi.