Ï Dutaryň owazy halkara sahnada ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dutaryň owazy halkara sahnada ýaňlandy

view-icon 10
Dutaryň owazy halkara sahnada ýaňlandy

Türkmen milli saz sungaty halkara derejesinde giňden dabaralanýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň Gazagystanda geçirilen «Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşiginde gazanan üstünligi munuň ýene bir aýdyň mysaly boldy.

Şu ýylyň 29-30-njy oktýabrynda Gazagystanyň Atyrau şäherinde geçirilen bäsleşige Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Belarus we Özbegistan döwletleriniň ussat sazandalary gatnaşdylar.

Iki tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar gazak nusgawy sazlaryny, Gazagystanyň halk artisti Azidolla Ýeskaliýewiň eserlerini, şeýle-de öz ýurtlarynyň milli sazlaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Myrat Aşyrow III orna mynasyp boldy. Ol daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda baýrakly orny eýelän ýeke-täk sazanda boldy.

Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň V ýyl talyby, dutarçy Kerim Nyýazow bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, bäsleşigiň diplomyna mynasyp boldy.

Türkmen sazandalarynyň bu üstünligi milli dutarçylyk sungatynyň halkara giňişliginde wagyz edilmegine, şeýle-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýar.