Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik dialog köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryna, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu günki gün ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara ynanyşmagyň ýokary derejesini görkezip, hil taýdan täze sepgitlere çykarylýar. Söwda-ykdysady we üstaşyr ulag ulgamlary özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu ugurda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly ýaly bilelikdäki giň möçberli taslamalar sebiti Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda möhüm logistika merkezine öwürýär.
Halkara giňişlikde we sebit platformalarynda tagallalary utgaşdyrmak ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistan hem-de Gazagystan ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.
2015-nji ýylda döredilen Akaba prosesi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy göreşmek babatda tagallalary birleşdirmek üçin abraýly halkara meýdança hökmünde bellidir. Bu format döwlet Baştutanlaryny, halkara bilermenleri we tehnologik kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär.
Ählumumy wehimleriň üýtgemegi bilen Akaba prosesiniň gün tertibi sanly giňişligi goramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek ýaly meseleleri hem öz içine alýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Astanada geçirilýän ýokary derejeli duşuşyk bu prosesiň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýar.
Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijilik merkezi we durnuklylygyň kepili hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasyna esaslanýar. Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyna işjeň gatnaşmagy we BMG-niň başlangyçlaryny goldamagy tutuş sebitde hoşniýetli goňşuçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek üçin berk binýat döredýär. Sanlylaşdyrmagyň we emeli aňyň işjeň ornaşdyrylýan häzirki döwründe ýurdumyz bitewi, ygtybarly tehnologik giňişligi döretmek ugrunda çykyş edýär.
...Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Astana şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.