Ï Türkmenistanda Gazagystanyň serhedine barýan täze awtomobil ýolunyň bir bölegi ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Gazagystanyň serhedine barýan täze awtomobil ýolunyň bir bölegi ulanmaga berildi

view-icon 4
Türkmenistanda Gazagystanyň serhedine barýan täze awtomobil ýolunyň bir bölegi ulanmaga berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüljekdigini nygtady.

«Geçen ýyl Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz – serhetýaka bölegini açyp ulanmaga berýäris. Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.