Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda esasy meseleleriň biri hökmünde ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasy we geljek ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiň esasy maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetimiziň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.