Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy

view-icon 1

Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary!

Möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän däpleriň biridir. Ýakynda biz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşy aldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş, baýramçylyk at çapyşyklary, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumy, medeni-durmuş maksatly binalar açylyp ulanmaga berildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Bilşiňiz ýaly, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri boldy. Bu taryhy mejlisde Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa gol çekmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bilen berk baglanyşyklydyr. Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu möhüm resminama halkara hukugyň düzgünlerini berkitmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledik. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe sürüldi we netijeli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzy senagat taýdan ösen, häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala getirmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdük. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.

Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklady. Täze maksatnama ýurdumyzyň ýaşlar baradaky syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri öz içine alýar.

Türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak, atçylyk we atly sport pudagyny ösdürmek, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu asylly işleri täze derejede üstünlikli dowam etdirýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Netijede, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofondyny we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk binýady döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alyp, şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk. Şu mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler bilen bagly soraglar girizildi.

Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşi aýdyň beýan edildi. Geljek döwürde öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeler durýar. Halk Maslahaty ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde belleýşim ýaly, berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerimiziň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde-de halkymyzyň wekilleriniň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ozal hem belleýşim ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işlerimiz az däl. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýlan bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde agzybirlikde, jebislikde üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu gün biz mejlisimiziň gün tertibinde göz öňünde tutulan soraglara seretdik. Birnäçe soraglary ara alyp maslahatlaşdyk. Men siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 18-nji noýabry)