Ï Ekologiýa we howa durnuklylygyny üpjün etmek — ählumumy abadançylygyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa we howa durnuklylygyny üpjün etmek — ählumumy abadançylygyň kepili

view-icon 73

Durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan bu meseleleriň durnukly çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyz sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipelerine, şol sanda ekologiýa we howa meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşýändigini görkezýär.

Ekologiýa we howa meseleleri uzak möhletleýin geljekde ykdysady ösüşe, durmuş abadançylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleridir. Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli gatnaşmak bilen, Türkmenistan olary ekologiýa ugry bilen ýakyndan baglanyşygy bolan giň möçberli strategiýalaryna, maksatnamalaryna hem-de taslamalaryna ornaşdyrýar. Ýurdumyz bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berip, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny yzygiderli ilerledýän Türkmenistan adamzadyň abadan geljeginiň bähbidine halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň wakalary-da munuň aýdyň güwäsidir.

9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde we Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammiti şolaryň hataryndadyr. Bu sammit bäştaraplaýyn döwletara dialogy täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy. Hazaryň ekologiýa deňeçerligini, biodürlüligini üpjün etmegiň sebitiň çäginden çykýan wajyp mesele bolup durýandygy jedelsiz hakykatdyr. Gaýtalanmajak bu suw çägi ählumumy ekoulgamyň aýrylmaz bölegi, dünýä ähmiýetli tebigy hazynadyr. Türkmenistan Hazar deňziniň meseleleri boýunça işjeň orun eýeläp, oňa degişli ugurlar, şol sanda degişli şertnama-hukuk binýadyny berkitmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, onuň suw we biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli ulanmak boýunça möhüm resminamalar taýýarlanyldy hem-de kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Hazar ekologiýa sammitindäki çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ilkinji bolup Hazar ekologiýa başlangyjyny hem-de onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmagy öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibiň goldanylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipäni gysga wagtda ýerine ýetirmek boýunça tabşyryk bermek, toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň ýanynda Hazar sebiti ýurtlarynyň alymlaryndan, bilermenlerinden, hünärmenlerinden, döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmek teklip edildi.

Türkmenistan Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça ýurdumyzyň garaýşyna doly laýyk gelýän “Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatnamasyny” işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy goldaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammitdäki çykyşynda Hazaryň ekologiýa meseleleri boýunça ähli bilelikdäki tagallalaryň binýadyny düzýän Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklara ýurdumyzyň ygrarlydygyny tassyklady. Bäştaraplaýyn görnüşde netijeli çäreleriň kabul edilmegi bilen bir hatarda, halkara düzümler bilen anyk işleriň geçirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli Hazarýaka döwletleriň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary goldamak babatda BMG-niň düzümleri, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.

“Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir. Bu jebislik köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, deňze belent sarpa goýýan hem-de ony söýýän halklarymyzyň aýratyn Hazar ruhuna hem-de dünýägaraýşyna esaslanýar. Biz bu täsin deňzi parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde gorap saklamalydyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi boýunça ulgamlaýyn netijeli işiň badalga nokady boljakdygyna ynam bildirip, Hazar ekologiýa sammitini hyzmatdaşlygyň hemişelik hereket edýän platformasyna öwürmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň döwlet ekologiýa strategiýasynda ileri tutulýan milli ugurlar we ählumumy durnukly ösüş ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen, BMG-niň daşky gurşawy goramak konwensiýalaryny yzygiderli durmuşa geçirip, dürli görnüşde köptaraplaýyn dialogyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň 16-njy oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmagy munuň nobatdaky beýany boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sammitdäki çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň hem-de Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň maksatlaryny hem-de ýörelgelerini yzygiderli goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biodürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna, ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly wehimler bolup durýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Onda aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmek, ekologiýa gözegçiligini ösdürmek, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin biodürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasy” we Hereketleriň meýilnamasy bu ugurdaky işiň wajyp guraly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny, tebigy serişdeleri gorap saklamak üçin sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegi möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunda Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga, çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu wezipeleriň netijeli çözülmegi döwletleriň ylalaşykly hereketlerini, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri hem-de hyzmatdaşlygyň uzak möhletli mehanizmlerini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriň kuwwatyny doly derejede ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Tebigy mirasy gorap saklamak, ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine girizilmeginiň halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändigini görkezýän aýdyň mysallaryň biridigine ünsi çekdi. Şeýle-de halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur şertleri döretmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, ösüp barýan ýurtlaryň maliýe serişdelerine we döwrebap tehnologiýalara elýeterliliginiň üpjün edilmegi, milli kuwwatyň pugtalandyrylmagy, genetiki serişdeleri ulanmakdan alynýan bähbitleriň adalatly, deňhukukly paýlanylmagy, şol sanda olaryň yzygiderliligi baradaky sanly maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam etdirjekdigini nygtady. Hususan-da, biziň ýurdumyz yzygiderli syýasy hem-de bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Mundan başga-da, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garalýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda hem-de Awaza syýasy Jarnamasynda berkidilen çözgütleriň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda halkara goldawy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, adalatlylyk, raýdaşlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň biodürlüligi gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryň esasyny düzmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda umumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň bähbidine döwletleriň bilimlerini we mümkinçiliklerini, toplan tejribesini birleşdirmäge mümkinçilik berýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleri, şol sanda Günorta-Günorta ugry boýunça özara gatnaşyklar wajyp orun eýelemelidir.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahaty (COP31) hem häzirki döwrüň möhüm ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly halkara meýdança bolup durýar. Bu formatda geçirilýän duşuşyklar tebigaty goramak boýunça milli strategiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga ýardam bermäge, bu ugurda derwaýys durmuş meselelerine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 11-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga jogapkärçilikli we netijeli çemeleşýändigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz sammitiň plenar mejlisindäki çykyşynda Türkmenistanyň bu maslahata howanyň üýtgemeginiň soraglary boýunça özara düşünişmegi berkitmek, howa baradaky ählumumy dialogy dünýä ösüşinde hereketlendiriji güýje öwürmek işinde möhüm çäre hökmünde garaýandygyny belledi. Şunda ýurdumyzyň howa babatdaky strategiýasy esasynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygy nygtaldy. Munuň özi parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ol häzirki döwrüň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga degişli anyk çäreler bilen berkidilýär. Bu babatda Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmek wajyp ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, toplumlaýyn çäreler görülýär.

Türkmenistan howanyň ýagdaýy baradaky hasabatlylygy we aýdyňlygy kämilleşdirmäge uly üns berýär. Milli Liderimiz çykyşynda ýurdumyzyň howa gün tertibi babatda milli tagallalaryna sebit hyzmatdaşlygynyň düzüm bölegi hökmünde esasly seredýändigini belledi. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bu ugurda möhüm üstünlikleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu düzümi döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy sebitiň döwletleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň goldawyny gazandy. Bu merkez 2027-nji ýylyň başynda öz işine başlar. Bu iş ylalaşylan guramaçylyk-hukuk gurallaryna, halkara standartlara laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylar.

Türkmenistan ýene-de bir ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ony iş ýüzünde öňe sürmek maksady bilen, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň Sekretariaty hem-de gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar dowam etdiriler. Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk edýän döwlet hökmünde 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa bilen bagly bölegini netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmegi möhüm diýip hasaplaýar. Bu maksatnama 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda badalga berildi.

Ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde ählumumy tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge doly ýardam bermäge taýýardygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren başlangyçlarynda beýanyny tapdy. Şeýlelikde, 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň “Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy” diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmek, gatnaşygyň täze inklýuziw görnüşi bolan Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek we onuň çäklerinde Aşgabatda 2027-nji ýylda birinji halkara duşuşygy geçirmek teklip edildi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä meteorologiýa guramasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ählumumy ykdysady gaznasy hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamagy teklip edýär. Bu başlangyç howanyň üýtgemegine yzygiderli gözegçilik etmäge, onuň ýaramaz netijelerine baha bermäge, oňa uýgunlaşmagyň has netijeli çärelerini kesgitlemek üçin toplumlaýyn maglumat-seljeriş usulyny döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa, döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere, howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek teklip edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daşky gurşawy goramagyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmek boýunça Türkmenistanyň teklibini beýan etdi. Ol hereket edýän degişli halkara düzgünleri, kadalary hem-de standartlary tertipleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Antalýada geçirilýän “COP31” maslahatynyň çäklerinde howa aýdyňlygy ulgamynda Türkmenistanyň kuwwatlyklaryny berkitmäge, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmäge, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy tagallalara ýurdumyzyň goşandyna bagyşlanan birnäçe mowzuklaýyn sessiýalar geçirildi. Bu çäreler ýurdumyz we BMG-niň ugurdaş edaralary, beýleki halkara guramalar bilen bilelikde guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we halkara guramalaryň, BMG-niň ulgamynyň arasynda ekologiýa hem-de howa ugurly birnäçe resminama gol çekildi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky strategiýasynda ynsanperwer hem-de bilim ugrunyň aýdyň beýanyny tapýandygyny bellemek gerek. Ol jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini, ruhy-ahlak terbiýäni, ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyny, tebigata aýawly garamak ýörelgeleriniň dabaralandyrylmagyny özünde jemleýär. Şunda ýaşlaryň tebigaty goramak işine çekilmegine, bu babatda milli we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär.

Ekologiýa, howa gün tertibiniň wezipelerine jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmek durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir. Türkmenistan bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy babatda yzygiderli ädimleri ädýär. Sebit, sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz umumy abadançylygyň bähbidine Ýer ýüzünde ekologiýa hem-de howa durnuklylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagyna saldamly goşant goşýar.