Ï Mary welaýatynyň medeni durmuşyny ajaýyp waka bilen baýlaşdyran «Täze Balyk» restorany gapylaryny açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynyň medeni durmuşyny ajaýyp waka bilen baýlaşdyran «Täze Balyk» restorany gapylaryny açdy

view-icon 18
Mary welaýatynyň medeni durmuşyny ajaýyp waka bilen baýlaşdyran «Täze Balyk» restorany gapylaryny açdy

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan ýurdumyzyň husus ulgamynda iň öňdebaryjylaryň biri «Täze Aý önümleri» hojalyk jemgyýeti özüniň 22 ýyllyk baýramçylyk dabaralarynyň çäginde, Mary şäheriniň golaýynda döwrebap we täzeçil taslamany «Täze Balyk»  restoranyny ulanmaga berdi. Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy ýene-de bir ajaýyp waka bilen baýlaşdy. Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň ugrunda 8-nji kilometrde ýerleşýän bu kaşaň desga diňe bir naharlanmagyň däl, eýsem maşgala bolup dynç almagyň we uly dabaralary guramagyň täze merkezine öwrüler.

Iki gatdan ybarat bolan kaşaň «Täze Balyk» restorany birwagtda 500 adama çenli myhman kabul etmäge ukyplydyr. Binanyň içki gurluşy dürli maksatlar bilen gelýän myhmanlaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ýörite bölümlere laýyklykda taslanypdyr. Bu döwrebap binanyň tutýan meýdany 2 müň 800 inedördül metre deň bolup, ol «Täze Aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Esasy ilata medeni maksatly dükan, naharhana we toý hyzmatlary ýola goýmak maksat edinilýär.

Birinji gatda 70 orunlyk giň we ýagty maşgala kafesi ýerleşip, ol gündelik naharlanmak üçin iň amatly künjekdir. Daşky baglardyr güller bilen bezelen ýaşyl zolakda ýylyň maýyl günlerinde açyk howada dynç almagy söýýänler üçin binada 160 orunlyk giň we döwrebap terassa göz öňünde tutulypdyr.

Ikinji gatda bolsa uly toý-dabaralary, banketleri we medeni çäreleri ýokary derejede guramak üçin 200 orunlyk uly dabaralar zaly ýerleşýär. Aýratyn we has ýakyn gurşawda özbaşdak wagt geçirmek isleýän myhmanlar üçin bolsa 6 sany kiçi we 1 sany uly hususy (VIP) otaglar hyzmat edýär.

Restoranyň adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ýerde naharlaryň esasy bölegini balyk we deňiz önümleri tutýar. Ussat aşpezleriň ýolbaşçylygyndaky aşhana topary tarapyndan taýýarlanylýan awtorlyk tagamlar iň talapkär myhmanlaryň hem göwünlerini awlamaga ukyplydyr. Myhmanlara grilde bişirilen, ýörite usulda buglanan we gowurlan ter balyklar, şeýle hem deňiz önümlerinden taýýarlanylan dürli görnüşli çorbalar we täsin işdäaçarlar müşderileň isleglerine görä hödürlenýär. Şunuň bilen birlikde, aşhanada etli naharlar we çagalar üçin ýöriteleşdirilen tagamlaryň aýratyn sanawy hem bar.

Bu ýerde naharlary taýýarlamak üçin gerek bolan balyk «Täze Balyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan üpjün edilýär. Bu kärhananyň kuwwatlylygy bir ýylda 300 tonna balyk öndürmäge mümkünçiligi bolup, birnäçe ýyl bäri öz önümleri bilen halka hyzmat edip gelýär. Bu kärhanada welaýatyň süýji suwly köllerinde we suw howdanlarynda balyklaryň 7 görnüsi öndürilýär.

«Täze Balyk» restorany diňe bir tagamlaryň hili bilen däl, eýsem hödürleýän goşmaça mümkinçilikleri bilen hem tapawutlanýar. Dynç almaga maşgala bolup gelýänleriň rahatlygyny üpjün etmek üçin restoranyň içinde çagalar otagy döredildi. Bu ýerde çagalar dürli oýunlar bilen meşgullanyp, wagtyny şat geçiren mahaly, ene-atalar arkaýyn dynç alyp bilerler. Şeýle hem ýakynlarynyň we kärdeşleriň arasynda aýdym aýdyp göwün açmak isleýänler üçin 14 adama niýetlenen enjamlaşdyrylan ýörite (karaoke) zolagy hyzmat edýär. Şonuň ýaly-da bu ýerde balyklardan diňe bir tagam taýýarlanman, eýsem janly balyklary satyn almak isleýänlere söwda hyzmatyny hödürleýän dükany hem bar.

Restoranyň uly göwrümli desgalaryny dolandyrmak üçin bu ýerde ýörüte hünärmenler topary zähmet çekýär. Tejribeli ýokary derejeli aşpezler we myhmana sarpa goýmagy başarýan işgärler myhmanlara güler ýüz bilen hyzmat edýärler.

Öz ilkinji myhmanlaryna gapysyny giňden açan täze binada 60 adama täze iş orunlary hem döredilipdir. Halkymyza medenýetli hyzmaty ýola goýan binanyň ulanyşa berilen günündäki şatlykly wakalara bu hojalyk jemgyýetiniň işgärleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärlerem işjen gatnaşdylar.

«Täze Balyk» restorany özüniň ajaýyp binasy, datly naharlary we ýokary guramaçylyk ukyby bilen sebitiň iň meşhur künjekleriniň birine öwrülmäge doly taýýar.