Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY

view-icon 12

Hormatly Walentina Iwanowna, hormatly Sergeý Nikolaýewiç, hormatly kärdeşler!

Ilki bilen, size Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmek isleýärin.

Hormatly Walentina Iwanowna, siziň berýän ýokary bahaňyz, şeýle hem Türkmenistanyň başlyklyk edýän ýylynda Parlamentara Assambleýanyň mejlisiniň geçirilýändigi üçin buýsanýarys. Şu gün GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Ertir bolsa 61-nji plenar mejlis guralar. Şu işde hemmäňize uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň işi barada aýdylanda, onuň köp ýyllaryň dowamynda saldamly kanunçylyk binýadyny kemala getirendigini bellemek gerek. 1992-nji ýylda bu düzümiň döredilen döwründe ykdysady meseleler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolupdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gün tertibindäki syýasy, durmuş, ynsanperwer meseleler hemişe ykdysady binýada esaslanýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň hödürlän BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ikiýyllyk Kararnamany kabul etdi. Resminamanyň awtordaşlary bolup Türkmenistan bilen bir hatarda, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Nikaragua, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Özbegistan hem çykyş etdi. Munuň üçin bu döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. “Baş Assambleýa bütindünýä guramasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini ilerletmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny höweslendirýän, BMG-niň Tertipnamasynyň maddalaryna salgylanyp, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynda Arkalaşyga synçy derejesiniň berlendigine esaslanyp, GDA agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine laýyk gelýän maksatlara ýetmek ugrundaky tagallalaryny goldaýar” diýlip resminamada aýdylýar.

Baş Assambleýa ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer häsiýetli halkara meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň BMG-niň maksatlarynyň biridigini ýene bir gezek tassyklady. Resminamada 2026-njy ýylda GDA-nyň döredilmegine 35 ýyl dolýandygy bellenilýär we Arkalaşygyň öz agza döwletleriniň arasynda sebitleýin dialoga, hyzmatdaşlyga ýardam bermekdäki goşandy ykrar edilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň BMG-niň ulgamynyň edaralary, maksatnamalary we gaznalary bilen özara hereketini işjeňleşdirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ymtylyşy goldanylýar. Mundan başga-da, Kararnamada GDA-nyň söwda, ykdysady ösüş, statistik maglumatlary alyşmak, ykdysady maglumat, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, ylym we innowasiýalar, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy we tehnogen betbagtçylyklara garşy göreşmek ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alyp barýan işi görkezilýär. Guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna, terrorçylykly hereketlere, ekstremizmiň ýüze çykmalaryna, bikanun migrasiýa garşy göreşmek, şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly beýleki ulgamlardaky işler aýratyn bellenip geçilýär.

Baş Assambleýa BMG-niň ulgamy bilen GDA-nyň arasynda hyzmatdaşlygy we utgaşykly hereketleri berkitmegiň wajypdygyny görkezdi hem-de şu maksatlara ýetmek üçin BMG-niň Baş sekretaryna Arkalaşygyň Baş sekretary bilen yzygiderli geňeşmeleri geçirmegi teklip etdi. Ýokarda aýdylanlar bilen bir hatarda, Kararnamada ýöriteleşdirilen edaralara, beýleki guramalara, BMG-niň ulgamynyň maksatnamalaryna we gaznalaryna, halkara maliýe institutlaryna GDA bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýän düzgünler bar. Sizi bu waka bilen gutlaýaryn.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de öz adymdan ähli myhmanlarymyzy ýene-de bir gezek mübärekleýärin we işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.