Ï Türkmenistanyň Ilçisi Monako Knýazlygynyň Daşary gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi Monako Knýazlygynyň Daşary gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşdy

view-icon 12

2026-njy ýylyň 18–19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Ilçisi M.Çaryýew Monako Knýazlygynyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen resmi dabaralara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Milli baýram mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi M.Çaryýew bilen Monako Knýazlygynyň Daşary gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Izabel Berro-Amadeiniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Monako tarapyny Milli baýramy mynasybetli gutlady hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Monakonyň Knýazy Albert II-ä iberen gutlag hatyny ministre gowşurdy. Şeýle hem Knýaz Albert II-niň özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmegi baradaky çakylyk ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Taraplar 2025-nji ýylda amala aşyrylan saparlaryň netijelerine aýratyn üns berdiler. Şol ýylyň ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako sapar edip, onuň dowamynda Knýaz Albert II bilen duşuşdy. Aprel aýynda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Wise-prezidenti O.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn dialog dowam etdirildi.

Taraplar ýanwar aýynda geçirilen duşuşygyň ýokary derejedäki syýasy dialoga täze itergi berendigini, aprel aýyndaky saparyň bolsa ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döredendigini bellediler. Özara saparlary guramak tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady ugurda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem Monakonyň wekilleriniň Türkmenistanda geçirilýän maýa goýum we pudaklaýyn forumlara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garadylar.

Medeni-ynsanperwer ugurda medeniýet günlerini geçirmek, sport we atçylyk ulgamlarynda özara alyş-çalyşlary ösdürmek, şeýle hem türkmen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilýän Halkara sirk festiwalyna mundan beýläk-de gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.