Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatyň esasy maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy we döwletleriň ulag-logistika taýdan özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakdan, zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA ýurtlarynyň, guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Forumyň işine Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň degişli ygtyýarly we ulag edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň zähmeti kadalaşdyrmakda usulyýet, guramaçylyk-tehniki işlerini üpjün edýän binýatlyk guramalarynyň, döwletara statistika komitetiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraljak maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar esasynda ideg etmek işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça ýurdumyzda ösen tehnologiýalar esasynda täze himiýa kärhanalary gurulýar, öňden işleýänleriniň durky täzelenilýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Bu babatda “Balkanabat” ýod zawodynda hem degişli işler amala aşyrylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmek, ýerli çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desgany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny guramak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň wajypdygyny aýtdy hem-de olary dürli görnüşli sowgatlyk harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek hem-de gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň güýzki möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş işleri dowam etdirildi. Şeýle hem halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymy medeniýetini häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda öwrenmek maksady bilen, taryhy-medeni ýadygärliklerinde bilelikdäki arheologik ekspedisiýalary ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. Geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek, olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndynyň dördünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmegiň we geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek hem-de gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, olaryň ylma we döredijilige höwesini artdyrmak, hünäre ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geljek aýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda VI Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde I Halkara hukugy bäsleşigini, III Halkara filosofiýa we III Halkara ykdysadyýet olimpiadalaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly III halkara ylmy-amaly maslahaty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Atçylyk pudagynda ylmy barlaglar we innowasiýalar: halkara tejribe we geljekki ösüş ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara düzümler, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasynda ýurdumyz dünýä ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ynsanperwer işler we beýleki gaýragoýulmasyz mowzuklar babatda halkara hereketleri işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Netijede, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi boýunça ençeme ugurlarda wajyp Kararnamalary kabul edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 16-njy noýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürmegi esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Möhüm ähmiýetli resminamanyň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ýylynda we Arkalaşygyň 35 ýyllyk ýubileý ýylynda kabul edilendigi bellenildi. Täze Kararnama ýurdumyzyň Arkalaşygyň halkara giňişlikdäki ornuny we abraýyny pugtalandyrmak, onuň Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda uly tagalla edýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Kararnamanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sebitleýin gurama hökmünde halkara derejede has giňden ykrar edilmegine, onuň mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýandygyny belledi. “Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Biz geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, “Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýa” we Hereketleriň meýilnamasy barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baý tebigatyny, onuň biologik dürlüligini gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 16-njy oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen biologik dürlülik boýunça Liderler sammitinde döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşynda biodürlüligi gorap saklamagyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky görnüşlerini goramagyň, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýanyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky wezipeleri durmuşa geçirmekde wajyp gural bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy.
Türkmenistan 1996-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýasyny tassyklady. Şeýle hem ýurdumyz 2008-nji ýylda bu Konwensiýanyň Biohowpsuzlyk boýunça Kartahena teswirnamasyna, 2020-nji ýylda bolsa Genetiki serişdeleriň elýeterliligi we olary peýdalanmakdan alynýan peýdalaryň adalatly hem-de deňhukukly paýlaşylmagy baradaky Nagoýa teswirnamasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek, biologik dürlüligi gorap saklamak we degişli mümkinçilikleri berkitmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” we “Repetek” döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm netijeleriniň biridir.
Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda “Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýanyň” we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy. Bu resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerine we ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de 2022-nji ýylda kabul edilen Biologik dürlülik boýunça Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen halkara maksatlary we wezipeleri göz öňünde tutýar. Milli strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň biologik dürlüligini häzirki we geljek nesiller üçin gorap saklamakdan, dikeltmekden hem-de tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Strategiýada birnäçe milli maksat we olara ýetmäge gönükdirilen maksatlaýyn wezipeler kesgitlenildi.
Bu maksatlara ýetmek üçin strategiýada birnäçe esasy ugur boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Taýýarlanan resminamada «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda” we beýleki degişli döwlet resminamalarynda kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutuldy. Milli strategiýanyň taslamasyna degişli döwlet edaralarynyň, beýleki gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda ýerine ýetirilmeli çäreleri öz içine alýan Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy hem goşulýar. Bu resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmaga, tebigy baýlyklarymyzy geljek nesiller üçin aýawly saklamaga, Türkmenistanyň halkara ekologiýa başlangyçlaryny we degişli halkara borçnamalarynyň durmuşa geçirilmegini ilerletmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklip beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy baýlyklary gorap saklamak, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýa” we Hereketleriň meýilnamasy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow şu ýylyň 24 — 26-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026” atly halkara maslahaty we sergini, “Türkmentel — 2026” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu çärelere halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň jemi 300-den gowrak wekiliniň, 600-den agdyk wekiliýetiň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Sergide sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýa ugurlary boýunça täze innowasion çözgütler görkeziler. Şeýle hem Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi tarapyndan kiberhowpsuzlyk boýunça hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Emeli aň we innowasiýa bilen Türkmenistanyň sanly geljegini emele getirmek” atly okuw maslahatlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatda ulag ulgamynyň geljegi, sebitleýin baglanyşyk, multimodal üstaşyr geçelgeler, howa gatnawlarynyň durnuklylygy, ulag-logistika zynjyrynyň innowasion çözgütleri, olara maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri ýaly ugurlar boýunça çykyşlar diňlener. Şeýle hem halkara ähmiýetli çäreleriň çäklerinde “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion bäsleşigiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere halkara üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahata we sergä hem-de “Türkmentel — 2026” atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.