Ï Simona De Roza türkmen aýdymçylary bilen aýdymlary ýerine ýetirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Simona De Roza türkmen aýdymçylary bilen aýdymlary ýerine ýetirdi

view-icon 5
Simona De Roza türkmen aýdymçylary bilen aýdymlary ýerine ýetirdi
camera-icon
Ýusup Türkeşow

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda italýan jaz aýdymçysy Simona De Rozanyň konserti geçirildi. Simona öz arassa owadan sesi bilen «Kansona appassionato» atly meşhur eserini ýerine ýetirdi we şol bada diňleýjileri haýran galdyrdy.

Simona De Roza kompozitor, aýdymlaryň awtory we pedagogdyr. 10 ýaşynda ol fortepiano çalmaga başlaýar, emma onuň deprekçi dogany onda jaz dünýäsine bolan gyzyklanma döredýär. Simona bu žanry kämil derejede öwrenip bilmek üçin ýörite Italiýadan ABŞ göçýär. Onuň sungatda esasy ugry etniki motiwleriň döwrebap jaz bilen esasly birleşmesidir. Konsertiň meýilnamasyna meşhur italýan kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda Simonanyň öz aýdymlary hem girýärdi.

Tomaşaçylarda Simonanyň türkmen aýdymçylary - Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Nazar Garaýew we wokalist Mansur Şaripow bilen aýdyşygy uly gyzyklanma döretdi. Diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalary astynda Nazar Garaýew Simona De Roza bilen «O Sole mio» atly meşhur italýan nusgawy eseri ýerine ýetirdi. Mansur bilen aýdyşygynda bolsa «Durnalar» we «Türkmen sährasy» atly türkmen aýdymlary ýaňlandy.

Aýdymçynyň sözlerine görä türkmen aýdymlary şeýle göwnüne ýarandygy üçin onuň repertuaryna girer. Konsertiň dowamynda Simona tomaşaçylara bile aýtmagy teklip etdi. Sahnanyň çep we sag tarapynda oturan ähli diňleýjiler aýdymy aýtdylar, emma merkezde oturan tomaşaçylar has işjeň gatnaşdylar we olaryň köpüsi konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplarydy.

Simona gatnaşyjylara italýan dilinde ýüzlenende ajaýyp adamlaryň mekany bolan Aşgabada gelendigine şatdygyny aýtdy. «Şeýle-de, meniň çykyş lybasymy bezän guşagy maňa siziň ildeşiňiz stilist-dizaýner Jennet Agaýewa sowgat etdi – diýip, ol belläp geçdi, - men birnäçe ýurtlara konserte gidýärin, indi türkmen nagyşlary bilen bezelen bu guşagy biziň planetamyzyň künjeklerinde tomaşaçylar görer. Men olara bu guşagyň Türkmenistandan sowgat berilendigini aýdaryn» diýdi.

Konsertiň Türkmenistandaky Italýan Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan Ýewropanyň Medeniýet günleri mynasybetli gurnalandygyny belläp geçmek galýar.