Ï Ynsanperwerlik we ýagşy arzuwlar dabaralanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ynsanperwerlik we ýagşy arzuwlar dabaralanýar

view-icon 3
Ynsanperwerlik we ýagşy arzuwlar dabaralanýar

Türkmenistanda ýaş nesliň sagdyn, bilimli, giň dünýägaraýyşly we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek, bilim almagy hem-de ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi üçin zerur şertleri döretmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Gaznanyň milli we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän başlangyçlary çagalaryň diňe bir häzirki durmuş şertlerini gowulandyrmaga däl, eýsem olaryň geljekde jemgyýetde mynasyp orun eýelemegine hem gönükdirilendir.

Çagalara edilýän aladanyň diňe maddy goldaw bilen çäklenmän, olaryň beden, akyl we durmuş taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmek häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm talaplarynyň biridir. Çünki çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi irki döwürden başlanýar we bu işde saglyk, dogry iýmitlenmek, maşgala terbiýesi, bilim hem-de amatly durmuş gurşawy özara baglanyşykly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy çagalaryň abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady çagalaryň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary ösdürmek, ene-atalaryň bilimini ýokarlandyrmak we her bir çaganyň öz mümkinçiliklerini doly ýüze çykarmagy üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr.

Bu ugurdaky işleriň mazmuny Arkadag şäherinde geçirilen «Arzuw ganatlary» atly dabarada hem öz beýanyny tapdy. Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň bilelikde guramagynda amala aşyryldy. Dabara gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, bilim edaralarynyň işgärleri, çagalar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, gaznanyň ösüp gelýän ýaş nesliň beden, intellektual we durmuş abadançylygyny goldamak maksady bilen ýerli guramalar hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde alyp barýan işleri barada durup geçdi. Ol gazna bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň çagalaryň sagdyn ösüşine we olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Hususan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak, ene-atalaryň çaga terbiýesi baradaky bilimlerini artdyrmak we inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle hem ol bu hyzmatdaşlygyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Çykyşda bellenilen başlangyçlaryň her biri çaganyň ösüşiniň aýratyn taraplaryny öz içine alýar. Mysal üçin, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çaganyň ömrüniň ilkinji döwründe saglygynyň berk binýadynyň emele gelmegine ýardam berýär. Ene-atalaryň bilimini ýokarlandyrmak bolsa maşgalada çaganyň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda terbiýelenmegine, onuň zerurlyklaryna dogry düşünilmegine we sagdyn psihologik gurşawyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Inklýuziw bilimi ösdürmek başlangyjy hem her bir çaganyň, şol sanda aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalaryň deň mümkinçiliklerden peýdalanmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi çagalaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, özbaşdaklygyny ösdürmegine we bilim almaga bolan hukugynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Şeýle çemeleşme çagalaryň arasyndaky aýratynlyklara garamazdan, olaryň her biriniň şahsy mümkinçiliklerine hormat goýmagy we goldawy elýeterli etmegi talap edýär.

Dabaranyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan hem-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyş edip, çagalaryň hukuklaryny goramakda, olaryň sagdyn we howpsuz gurşawda ösmegini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Çagalaryň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan we bilimden peýdalanmagy, maşgala hem-de jemgyýet tarapyndan goldanylmagy olaryň bagtyýar geljeginiň esasy şertleri hökmünde görkezildi. Şeýle hem ene-atalaryň çaganyň ösüşindäki jogapkärçiligine, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berildi. Bu garaýyşlar çagalaryň hukuklaryny üpjün etmegiň diňe bir döwlet edaralarynyň däl, eýsem maşgalanyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara hyzmatdaşlaryň hem umumy wezipesidigini görkezýär.

Çäräniň mazmuny ýörite taýýarlanan pawilýonlarda hem giňden açylyp görkezildi. «Arzuw ganaty: her bir çaga üns merkezinde», «Maşgala meýdançasy», «Ýaşyl» mekdepler», «Çagalar we ekologiýa medeniýeti» hem-de «Döredijilik çagalary» ýaly bölümler çagalaryň terbiýesi, bilim almagy, döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegi we daşky gurşawa aýawly garaýşyň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly ugurlary öz içine aldy. Bu ugurlaryň bir bitewi çäräniň çäginde görkezilmegi ýaş nesli terbiýelemekde dürli şertleriň özara baglanyşygyna ünsi çekýär. Çaganyň döredijilik ukybynyň ösdürilmegi, tebigata söýgi we jogapkärçilik duýgusynyň terbiýelenmegi, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýmagy onuň ruhy we jemgyýetçilik taýdan kämilleşmegine ýardam berýär. Dabaranyň medeni maksatnamasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň görkezilmegi hem ýaş nesli milli medeni mirasymyzyň baýlygy bilen tanyşdyrmak babatda ähmiýetli boldy.

«Arzuw ganatlary» dabarasy Türkmenistanda çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ynsanperwer mazmunyny we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini açyp görkezdi.