Ï Belarus Respublikasy Türkmenistan bilen logistika ulgamynda bilelikde ösüşi üpjün etmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belarus Respublikasy Türkmenistan bilen logistika ulgamynda bilelikde ösüşi üpjün etmegi teklip etdi

view-icon 49

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda iri pudaklaýyn forumlar – «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle hem «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň mümkinçiliklerini aýdyň görkezmek bilen bir hatarda, ulag arabaglanyşygy meseleleri boýunça halkara dialogyň işjeňleşmegine ýardam berýär.

Maslahatyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehow çykyş etdi. Ol halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň Belarusyň ykdysadyýetiniň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurduň çäginden Günbatar – Gündogar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça on sany esasy geçelgäniň ikisiniň geçýändigini, olaryň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda haryt akymlarynyň hereketini üpjün edýändigini aýtdy.

Aleksandr Terehowyň bellemegine görä, bu meselede Belarus bilen Türkmenistanyň garaýyşlary köp babatda gabat gelýär.

«Türkmenistan Hazar sebitiniň möhüm ulag çatrygy bolup, birbada birnäçe halkara ulag geçelgesiniň işini üpjün edýär. Häzirki döwürde Belarus üçin günorta-gündogar ugurda ygtybarly ulag ugurlaryny döretmek örän möhümdir. Hususan-da, Türkmenistanyň çäginden geçýän Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugrunyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagy göz öňünde tutýarys» diýip, A. Terehow belledi.

Premýer-ministriň orunbasary ulag we logistika düzümleriniň, ýük iberijileriň hem-de ýük alyjylaryň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde, Belarusyň Demirgazyk – Günorta we Günbatar – Gündogar ugurlary boýunça ýükleriň durnukly we bökdençsiz üstaşyr geçirilmegini kepillendirmäge taýýardygyny aýtdy.

«Belarusda ösen terminal infrastrukturasy döredildi. Ýükleriň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemek we jemlemek üçin ähli welaýat merkezlerinde hem-de iri şäherlerde zerur tehniki we tehnologik mümkinçilikler bar» diýip, Belarus Respublikasynyň wise-premýeri nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda A. Terehow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde özara ynama we elektron resminamalaryň özara ykrar edilmegine esaslanýan bitewi logistika ekoulgamyny döretmek ýaly strategik maksady öňe sürdi.

Wise-premýeriň nygtaýşy ýaly, esasy maksat harytlaryň we pikirleriň hereketiniň bir döwletiň çägindäki ýaly erkin we tebigy ýagdaýda amala aşyrylmagyny üpjün edýän, hiç hili bökdençliksiz işleýän bitewi giňişligi döretmekden ybaratdyr.