Ï Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesiniň täze subutnamasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesiniň täze subutnamasy

view-icon 2499
26 trillion 200 milliard kub metr gaza barabar tebigy hazyna

Türkmenistanyň günortasynda üsti açylan Günorta Ýolöten--Osman, Minara we Ýaşlar ýataklary özüniň tebigy gorlary babatynda 26,2 trillion kub metr gaz möçberinde kesgitlenip, dünýäde ikinji orunda durýar. Bu hakykatdan-da haýran galdyryjy habar düýn Aşgabatda geçirilen metbugat maslahatynda aýdyldy. Onda Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşen baý uglewodorod ýataklarynda geçirilen garaşsyz halkara auditiniň netijeleri beýan edildi.

“Gaffney Cline & Associates” (Beýik Britaniýa) halkara konsalting kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça menejeri jenap Jim Gilletiň tanyşdyrylyşda çykyş etmek bilen belleýşi ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet konserni bilen Türkmenistanyň geljegi uly ýataklarynda uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny güwälendirmek boýunça gazanylan ylalaşyk esasynda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň barşynda Günorta Ýolöten- Osman, Minara we Ýaşlar ýataklarynda ozal çaklanylyşyndan has köp gorlary bardygyny ynam bilen tassyklamaga mümkinçilik berýän täze maglumatlar alyndy.

Şu günki bar bolan maglumatlara laýyklykda, bilermenler olaryň gatlaklaryndaky bar bolan uglewodorod serişdeleriniň umumy möçberi 26 trillion 200 milliard kub metr gaz diýip kesgitlediler. Munuň özi bu “mawy ýangyjyň” tebigy hazynasyny dünýäde ikinji orna çykarýar. Başga sözler bilen aýdylanda gürrüň tebigy gazyň dünýä möçberindäki gorlary hakynda barýar.

Deňeşdirmek üçin: dünýäde iň uly ýatagyň ýokary görkezijisi - 28 trillion kub metre barabardyr.

Şunda bu sanlar degişli ýatakdaky görkezijileriň aňrybaş çägi däldir diýip, Jim Gillet belleýär. Häzirki döwürde, hususan-da, ýüze çykarylan ýataklaryň meýdanyny kesgitlemek we senagat gorlaryny tassyklamak maksady bilen alnyp barylýan gözleg işleriniň meýilleşdirilen maksatnamasynyň ýarysyndan-da az bölegi ýerine ýetirildi. Heniz bu ägirt uly nebitgaz ýatagynyň çäginiň günbatar, demirgazyk-günbatar hem-de günorta-gündogar taraplarynyň çäkleri kesgitlenmedi. Goşmaça seýsmiki barlaglaryň toplumynda täze guýularyň burawlanmagy bu ýerde bar bolan uglewodorod serişdeleriniň başlangyç mukdaryna anyk düzedişleri girizmäge mümkinçilik berer. Geljeki geologiýa-gözleg işleriniň bu ýatakdaky gaz gorlary boýunça häzirki maglumatlary artdyrmak ähtimallygy diýseň uludyr.

Elbetde, bu gün dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň umumy nebitgaz gorlary hem gaýtadan anyklanmagyny talap edýär. “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasy täze maglumatlary şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebitgaz senagaty: şu güni, geljekki ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyna hödürlemäge taýýardyr. Täze ýöne gutarnykly bolmadyk maglumatlar bu özboluşly “mawy ýangyjyň” hazynasy ägirt uly bolup durýandygyny görkezýär. Sebäbi bu ýatagyň gazynyň anyk möçberlerini kesgitlemek üçin ýene-de ençeme ýyllar geçer.

Dünýäniň iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun alan Türkmenistan özüniň energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazyň çykarylyşynyň we eksportynyň möçberlerini artdyrmak, dünýäniň gaz geçirijilerine durnukly artýan gyzyklanma eýe bolan iri bazarlaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak bu strategiýanyň wajyp ugry bolup durýar.

Ähmiýeti boýunça Merkezi Aziýada gaz geçirijileriniň täze, köpugurly üstaşyr –ulag energetika aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelmeginiň başyny başlan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga girizilmegi ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda anyk ädim boldy. Türkmen gazynyň Eýrana iberilişi hem artýar. 2010-njy ýylyň ýanwarynda goňşy döwlete ikinji geçirijiniň—Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisiniň işe girizilmegi muňa ýardam edýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda türkmen döwleti ynamly ýagdaýda Ýewraziýa yklymynyň energetika bazarynyň öňdebaryjylarynyň hataryna girýär.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem has giň we şonuň bilen birlikde iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň anyk alamatlaryna eýe bolýar. Oňa gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleriniň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän işleriň depgini muňa şaýatlyk edýär. TOPH-a gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda bolan sammiti taslamany taýýarlamagyň depginlerini çaltlandyrmak üçin kuwwatly itergi berdi. Mälim bolşy ýaly, onuň netijeleri boýunça gaz geçiriji hakynda Çarçuwaly ylalaşyga we TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekildi. Şu günler – 2011-nji ýylyň 12-14-nji oktýabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde türkmen we hindi tarapynyň wekilleriniň nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilýändigini bellemek gerek. Onda TOPH taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmen gazyny eksport etmegiň geljegi uly beýleki ugurlary hem işjeň öwrenilýär. Hususan-da, iri tebigy gaz çykarýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň we eýýäm ýakyn onýyllyklarda energiýa serişdeleriniň import edilmeginiň ösüşi çaklanylýan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitleriniň gabat gelmegi soňky ýyllarda döwletara derejesinde özara gatnaşyklaryň ösüş depginini şertlendirýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem-de belli ýewropa kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni Günorta Ýolöten ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegi ýokary depginde alyp barýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz--Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan iri kompaniýalar çekildi. Şu maksat bilen ABŞ-nyň 10 milliarda golaý dollary gönükdirildi. Eýýäm 2012-nji ýylyň ahyrynda bu ýerde ilkinji guýular ulanyşa giriziler, harytlyk gazy taýýarlamak boýunça iri kärhanalar gurlar. Birinji tapgyrda bu ýatakda her ýylda 10 milliarddan 30 milliard kub metre çenli “mawy ýangyç” çykarylar.

Ýaşlar we Minara ýataklarynda, şeýle hem golaýda ýerleşen beýleki geljegi uly nebit we gaz meýdançalarynda geologiýa-agtaryş hem-de gözleg işleri dowam etdirilýär. Türkmen geologlarynyň hasaplamalaryna görä, olar, belki-de, dünýäde has iri nebitgaz toplumynyň bir zolagyny emele getirer.

Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzda soňky ýyllarda açylan nebitgaz gatlaklarynyň dolulygyna özleşdirilmegi şonsuz hem ägirt uly baýlyga eýe bolan Türkmenistanyň kuwwatly gaz mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Bu jedelsiz ýagdaýda eýýäm hereket edýän energetika şahalary, şonuň ýaly-da, göz öňünde tutulýan geljegi uly eksport ugurlary boýunça türkmen tebigy gazyny islendik möçberde uzakmöhletleýin hem-da ygtybarly ibermek üçin mäkäm kepili üpjün edýär. Olar bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wajyp halkara başlangyçlarynda öňe sürlen ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze düzümleriniň möhüm ugurlarynyň toplumyny kemala getirmäge gönükdirilendir.

Degişli mesele boýunsa Türkmenitanyň anyk teklipleri eýýäm dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. BMG-niň Bas Assambleýasynyň 2008-nji ýylda kabul eden "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýasy hem muňa şaýatlyk edýär. 2009-nji ýylda Aşgabatda energetika meselesine bagyşlanyp geçirilen halkara maslahaty onuň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. 2010-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň wisse-başlyklygyna saýlanmagy hem munuň ýene-de bir ynandyryjy subutnamasydyr.

BMG-niň Bas Assambleýasynyň 64-nji 65-njy we 66-njy mejlisleriniň barşynda türkmen Lideriniň öňe süren beýleki başlangyçlary hem giň seslenmä eýe boldy. Hususan-da, gürrüň Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar, Garadeňiz we Baltika sebitleriniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, hemme gyzyklanma bilirdýän döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň gatnaşmaklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýeke-täk, toplumlaýyn hem-de sazlaşykly strategiýany, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli hukuk ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilen energetika dialogyny döretmek hakynda barýar.

Tutuşlygyna alnanda, bularyň ählisi ägirt uly energetika gorlaryna eýe bolmak bilen bütindünýä ösüşiniň wajyp wezipeleriniň çözgüdini tapmaga saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň netijeli syýasatynyň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.