Ï Türkmenistanyň başlangyçlary: ajaýyp dünýäniň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň başlangyçlary: ajaýyp dünýäniň bähbidine

view-icon 2742
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 66-njy mejlisi tutuş dünýä ösüşiniň barşyny kesgetleýän möhüm waka bolup taryha girer, şol mejlise soňky günlerde halkara jemgyýeçiliginiň ünsi jemlendi. Geçen hepdede BMG-niň Ştab-kwartirasynda ýokary derejedäki geçirilen mejlis açyk syýasy ara alyp maslahatlaşmalar hem-de üçünji müňýyllykda adamzady tolgundyrýan meseleler boýunça taryhy çözgütler bilen uzak wagtlap ýatda galar, oňa däp boýunça dünýäniň onlarça ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar.

Häzirki zaman dünýä gurluşynyň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri teklip eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy bütin dünýäde foruma syn eden millionlarça adamlar ýaly, iri hem-da abraýly halkara guramasynyň esasy maslahat beriji edarasyna gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanima döretdi.

Milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden täze başlangyçlaryna biziň döwletimiziň parahatçylyk, ynsanperwerlik, bähbitleriň özara sazlaşygy nukdaýnazaryndan guralýan netijeli, köp görnüşli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga hyjuwlydygynyň ynandyryjy subutnamasy hökmünde bada-bat baha berildi. Dünýäniň esasy maglumatlar agentlikleri, meşhur metbugat we elektron neşirleri hut şu maksatlar--parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite ykrarnamasy bilen berkidilen hem-de häzirki wagtda sebitde we dünýäde howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýan bitaraplyk derejesiniň esasyny düzýär diýip nygtadylar. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň köp sanly makalalarynda bellenip geçilişi ýaly, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary maksatlarynyň we wezipeleriniň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz eýerip, bu esasy ýörelgeleriň düýpli häsiýetini iş ýüzünde görkezýär, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek bolsa türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtap belleýşi ýaly, diňe BMG-niň derejesinde gatnaşyk etmek döwletleriň bilelikdäki işiniň dogry ugurlaryny salgy bermäge hem-de uly möçberli ähmiýeti bolan derwaýys meseleleriň birnäçesi boýunça anyk çözgütleri kabul etmäge ukyplydyr. Hut şonuň üçin Türkmenistan dünýäniň bir bitewi dawa-jenjelsiz nusgasyny döretmek hem-de ony röwşen geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn ösdürmek arkaly milletleri birleşdirmegiň umumydünýä işine ýobaşçylyk etmeli guramanyň abraýyny pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň öňünde duran maksatlary “ÖSÜŞ ARKALY PARAHATÇYLYK” diýip beýan etdi. Bu pikir täzelikler lentalarynda bada-bat peýda bolan köp sanly habarlaryň şygaryna öwrüldi. Daşary ýurtlaryň maglumatlar agentlikleri, şol sanda ITAR-TASS, INTERFAKS, RIA-Nowosti, şeýle hem dünýäniň dürli dillerindäki köp sanly gazetler we žurnallar Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Täzelikler merkezi wideo we ýazgy görnüşinde özüniň resmi saýtynda ýerleşdiren çykyşyny setirme-setir mysal getirdiler.

“Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryndaky gapma-gyrşylyklar çözülen mahaly güýç ulanmak usullaryny peýdalanmaga garşy çykyş edýär”, “Türkmenistan daşary syýasatyň guraly hökmünde harby güýji düýbünden ret edýär”, “Gurbanguly Berdimuhamedow halkara meseleleri çözülen mahaly syýasy-diplomatiki serişdeleri ileri tutup ulanmak hakyndaky Jarnamany işläp taýýarlamagy BMG-a teklip etdi”, “Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň basseýniniň zolagynda parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etdi”, “Aşgabat Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylykly ösüş boýunça Maslahat beriji Geňeşi döretmegi teklip edýär”—bular türkmen Lideriniň giň möçberli howpsuzlygy üpjün etmäge degişli teklipleriniň düýp mazmunyny göwrümli, ýöne takyk beýan edýän habarlaryň sözbaşylarynyň diňe bir bölegidir. Ýöne, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtap geçişi ýaly, dünýä möçberindäki howpsuzlyk ilkinji nobatda bir bitewi ulgam hökmünde görünýär, ol syýasy garaýyşlardan başga hem, beýleki möhüm şertleriň köpüsini, şol sanda ykdysady, energetika, ekologiýa, we gumanitar meseleleri çözmegi, sebitleýin hem-de uly möçberdäki derejelerde parahatçylygy we ylalaşygy gazanmagy özünde jemleýär.

BMG-niň RADIOSY hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyny teswirläp, Türkmenistanyň bu işe işjeň gatnaşmak, ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüş ugurlarynyň birnäçesi boýunça toplan şowly tejribäni alyşmaga ýardam etmek baradaky öz meýlini tassyklap, 2013-2015-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna özüniň kandidaturasyny hödürländigini habar berdi.

Türkmenistanyň Baştutany BMG-niň belent münberinden çykyş edip, ýene-de energetika howpsuzlygyny halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. 2008-nji ýylda biziň ýurdumyzyň bu meseläni BMG-niň howandarlygynda giň, köptaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygy hakyndaky başlangyç bilen eýýäm çykyş edendigini ýatlap geçmeli. Şonda bu teklip giň goldawa we makullama eýe boldy hem-de BMG-niň Bas Assambleýasynyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hakyndaky şol ýylyň dekabrynda kabul edilen rezolýusiýasynyň esasyny düzdi.

“Türkmenistan BMG-niň Bas Assambleýasynda energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygy hakyndaky meseläni ýene-de gozgady” diýip, beýleki ençeme habar beriş serişdeleriniň hatarynda Russiýanyň meşhur TÜRKMENISTAN.RU internet neşiri ýazdy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk çäreleri, hususan-da, täze gurluşy—BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika gatnaşyklaryny döretmäge çagyrýar diýip habar berdi, bu gurama gürrüňsiz suratda hemmeler üçin açyk hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň ýardam eder.

Habar beriş serişdeleriniň köpüsi, hususan-da, REGNUM habar beriş agentligi Türkmenistan iri energetika döwleti bolmak bilen, häzirki wagtda öz tebigy gazyny Russiýa, Eýrana we Hytaýa iberýär diýip ýatlap geçýär. Mundan başga hem Aşgabat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işjeň iş alyp barýar, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirjisiniň geçiriş ukybyny artdyrmak hem-de ikinji şahasyny gurmak meselelerini işläp taýýarlaýar, şeýle hem Hazarüsti energetika ugurlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Habar beriş agentlikleriniň habarlarynda Ýewropa Komissiýasynyň baştutany Žoze Manuel Barrozu bilen duşuşygyň çäklerinde türkmen Lideri energetika ulgamyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň “açyk gapylar” ýörelgesini goldanýandygyny hem-de ýewropa kompaniýalaryny ýangyç- energetika toplumy babatda giň, özara peýdaly hyzmatdaşlyga çagyrýandygyny nygtady diýlip bellendi.

Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri türkmen tarapynyň häzirki zaman ulag düzümlerini döretmek baradaky teklipelerine, hususan-da, Hazar we Gara deňizleriniň, Merkezi Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýan BMG-niň Ulagy ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga girişmek baradaky başlangyjyna aýratyn ünsi jemlediler. Şunuň bilen baglylykda çap edilen habarlarda Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny göwnejaýlaşdyrmak boýunça iri taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy, şol taslamalary amala aşyrmak ugrunda Türkmenistan sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda işjeň iş alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekelogiýa ulgamynda gyzyklanylyp hyzmatdaşlyk etmegi amala aşyrmaga degişli başlangyçlaryna, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkezini Aşgabatda döretmek hakyndaky hem-de Hazar basseýninde daşky gurşawy goramak meselelerine garamak üçin hemişelik hereket edýän edara hökmünde Hazar ekologiýa forumyny guramak baradaky teklibine hem ep-esli üns berildi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň gumanitar häsiýetli meseleleri çözmek, adam hukuklaryny, şahsyýetiň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegini goldamak bilen gönüden-göni baglanyşlydygy baradaky tassyklamasy hem uly seslenme döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissaryň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, olary goramaga we goldamaga gönükdirilen çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge işjeň ýardam berer. Geljek 2012-nji ýylda Aşgabatda halkara duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyç hut şuny maksat edinýär. Şol duşuşygyň çäklerinde gyzyklanýan taraplar bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmek babatda Türkmenistanyň tejribesi bilen tanşyp bilerler.

Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bu möhüm ugurda dünýäniň ýurtlarynyň gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak baradaky Türkmenistanyň täze ädimlerine oňyn baha berip, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine hemişelik esasda saýlanandygyny ýatladylar, milli parlament bu ulgamda esasy resminamalaryň birnäçesini tassyklady, iýul aýynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen bir ýarym müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy.

“Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň möhüm maksatlary we wezipeleri giň möçberli özara gatnaşyklaryň ähli häzirki zaman ulgamynyň daýanjy, halkara derejesinde parahatçylygy we bähbitleriň sazlaşygyny gorap saklamagyň we goldamagyň, bar bolan howpsuzlyk arhitekturasynyň durnuklylygynyň kepili hökmünde garalýan gurama bolan BMG-niň esasy maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşygynda aýdan sözleri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen okgunly ösýän, uzakmöhletli hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kesgitleýär.

Öňe sürlen başlangyçlary amala aşyrmagyň ýolunda biziň ýurdumyzyň görýän anyk çäreleri häzirki döwrüň meseleleriniň amatly özara kabul ederlikli çözgütlerini agtarmaga onuň goşýan ägirt uly, gymmatly goşandynyň aýdyň şaýadydyr, şolar üçin dünýä bileleşiginiň agzalary bolan ýurtlaryň hemmesi toparlaýyn jogapkärçilik çekýärler. Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan ähli teklipleriň Müňýyllygyň asylly Maksatlaryny gazanmagy maksat edinýän bilelikdäki möhüm taslamalaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşmak hem-de soňra durmuşa geçirmek üçin itergi bolup hyzmat etjekdigi şübhesizdir.