Ýurdumyzda döwrüň talabyna laýyk gelýän köp şahaly ulag düzümini döretmek täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi häzirki zaman döwletiniň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň başlangyjy bilen häzir hereket edýän awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek we täze ýollary çekmek, şeýle hem demir ýollary gurmak we ýurdumyzyň howa flotunyň işini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Awtomobil ýollaryny gurmak işleriniň esasy bölegi ýurdumyzyň paýtagtynyň paýyna düşýär. Bu ýerde özüniň gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär, şol sanda Aşgabadyň we onuň etegindäki ýerleriň ulag-aragatnaşyk ulgamy ösdürilýär. Mysal üçin, dünýä derejesindäki Arçabil şaýoluny täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanlarynyň biri hökmünde atlandyryp bolar. Häzir ol türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýollarynyň biri hasaplanýar. Ýakyn geljekde bolsa paýtagtymyzy täze häzirki zaman aýlaw awtomobil ýoly gurşap alar. Ol paýtagtymyzyň iri ulag ýoluna öwrüler.
Geljekki awtomobil ýolunda her ugurda üç sany gatnaw zolagy /olaryň her biriniň ini 12 metre deňdir/ we ini 5 metrlik bölüji zolak bolar. Bu ýoluň halkasy Gämi şäherçesini we Ruhabat etrabynyň köp bölegini gurşap alar. Günorta tarapda bu ýol Köpetdaga has golaýlaşar. Demirgazykda bolsa ol Çoganly şäherçesiniň, Gurtly we Sport suw howdanlarynyň aňyrsyndan geçer. Häzir şäheriň daşyndaky durky täzelenilýän awtomobil ýollary hem bu ýola biriger, onuň täze gurulýan bölekleri bolsa gurluşyklaryň alnyp barylýan ýerinden sowlup geçer.
Täze awtomobil ýoluny abadanlaşdyrmak işi hem Arçabil şaýolunda ulanylan gurluşyk usullary esasynda amala aşyrylar. Tizlikli ýolda zerur bolan enjamlar, şol sanda howany çalyşmagyň we ýylatmagyň ulgamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman bezegli duralgalar gurlar. Munuň özi ýylyň ähli pasyllarynda ulaga garaşýan ýolagçylar üçin amatly şertleri döreder. Şeýle hem bu ýolda swetaforlaryň az sanlysy gurnalar, çünki onuň çatryklarynda iki derejeli ýol aýrytlary gurlar. Ýeňil we ýolagçy gatnadýan ulaglar aýlaw ýolundan şäheriň islendik nokadyna sanlyja minutda baryp biler.
Aýlaw awtomobil ýolunyň esasy wezipesi üstaşyr we agyr ýükli ulaglaryň Aşgabadyň daşyndan geçmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi şäheriň içindäki ýollardaky gatnawy ep-esli azaltmaga, şeýlelikde, ýollaryň zaýalanmagynyň öňüni almaga we paýtagtymyzda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Eýýäm ýakyn geljekde aýlaw awtomobil ýoly ýurdumyzyň baş şäheriniň kemala gelýän häzirki zaman kommunikasiýa ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, diňe bir biziň döwletimiziň däl, eýsem, tutuş sebitiň iň iri ulag ulgamlarynyň biri hökmünde paýtagtymyzyň derejesini has-da berkider.
Ýurdumyzyň gündogaryny we günbataryny baglanyşdyrýan Türkmenbaşy-Aşgabat –Farap awtomobil ýolunyň gurluşygynda işler barha giň gerime eýe bolýar. Bu ýol ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Strategiki ähmiýete eýe bolan bu ýoluň uzynlygy bir müň kilometrden gowrakdyr.
Özüniň görkezijileri boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýän bu awtomobil ýoly birinji tehniki derejeli ýollaryň hataryna girýär, ýagny ol iki gatnaw zolakly ýol bolmak bilen, onuň bölüji zolagy hem bardyr. Ýoluň her ugurda gatnaw zolagynyň ini 12,25 metre deňdir. Bu ýerden gatnaýan ulaglaryň aglabasynyň treýlerlerdigini hem-de beýleki köp ýük göterýän awtomobillerdigini nazara almak bilen, ýol esasynyň berkligine aýratyn üns berilýär. Munuň özi goşmaça konstruktiw gatlaklaryň, ýerli karýerlerden getirilýän ýokary hilli ýol-gurluşyk materiallaryny ulanmagyň hasabyna gazanylýar.
Häzirki wagtda ýoluň esasy bölegi eýýäm hereket edýär. Deňiz ýakasyny Farap bilen baglanyşdyrýan tizlikli ýoluň tutuş ugry boýunça awtomobil ýol aýrytlary we ýol düzüminiň beýleki desgalary gurulýar. Olar awtomobil ýolundaky gatnawyň derejesini peseltmäge, sil suwlaryndan goralmagyny we degişlilikde hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň möhüm ulag ýollarynda, şol sanda Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap ýolunda awtomobil köprüleriniň birbada 90-sy ulanylmaga berildi.
Ýurdumyzda gurulýan desgalaryň, aýratyn hem köpri geçelgeleri ýaly möhüm desgalaryň potratçylaryna bildirilýän esasy talap işleriň ýokary hili bilen baglanyşyklydyr. Täze köprüler uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat eder. Olar uly we kiçi derýalaryň, Köpetdagdan we Balhandan akýan suwlaryň hemişelik we wagtlaýyn akabalarynyň, zeýkeşleriň hem-de demir ýollaryň üstünden guruldy.
Bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda häzirki zaman inženerçilik çözgütleriniň hem ulanylandygyny bellemelidiris. Suwarymly zolakda täsin desgalaryň birnäçesi – özleriniň berkligi bilen tapawutlanýan özboluşly ýeňil asma köprüler we häzirki zaman metal düzümlerinden köpri geçelgeleri guruldy. Şeýle iri desgalaryň biri hem Tejen etrabynda Garagum derýasynyň kenarlaryny baglanyşdyran uzynlygy 225 metrlik köpridir. Şunuň bilen baglylykda Amyderýanyň kenarlaryny baglanyşdyrýan, uzynlygy 1415 metre barabar bolan Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny ýatlatmalydyrys. Şol ýerde hünärmenler ýakyn wagtda sütün aralaryny kebşirlemek işlerine girişerler.
Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň täze gurlan uly desgalarynyň arasynda iki sany awtomobil estakadasy hem bar, olar Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeroportuny we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny baglanyşdyrýan täze awtomobil ýolunda guruldy. Bu desgalaryň açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Olaryň biriniň uzynlygy 400 metre barabar bolup, ol Aeroport-“Awaza” ýolunyň we şäher ýolunyň çatrygyndaky iki derejeli awtomobil ýol aýrydydyr. Onuň gatnaw ýolunyň umumy ini 30,5 metre deňdir. Köprüde inelgeleriň 8-si bar. Gurluşykçylar olara tarap barýan ýollaryň böleklerini gurup, Türkmenbaşy şäheriniň we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň uly awtomobil ýoluny bitewi ulag ulgamyna öwürdiler. Şol ýollar demirgazyga tarap we gündogarlygyna Türkmenbaşy-Aşgabat-Farap strategiki ýola çykýarlar.
Uzynlygy 1300 metre we ini 36 metre ýetýän ilkinji estakada bolsa Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesine barmak üçin taslamasy düzülýän demir ýoluň üstünden çekildi. Bu ýerde amala aşyrylýan işleriň giň gerimlidigi uzakdan görünýän we 32 sany demirbeton sütünlerde oturdylan bu kuwwatly inženerçilik desgasynyň uly täsir galdyrýan şekillerinden belli bolýar. Her tarapa 3 sany gatnaw zolakly ýoluň gatnaw böleginiň ini 28,5 metre barabardyr. Bölüji zolakdan başga-da, howpsuzlyk zolaklary, şeýle hem ýan ýodalar göz öňünde tutulypdyr.
Bu desgalar inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köprüleri gurmagyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Desgalar gurlan mahalynda täze tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary we ýurdumyzyň howa hem-de geologik şertlerini göz öňünde tutýan tehniki çözgütler ulanyldy. Mysal üçin, estakadalar ýörite dekoratiw ekranlar bilen üpjün edildi, bular estetiki taýdan uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, geçip barýan awtoulagyň sesini peseltmäge hem-de ýoluň gatnaw bölegini şemal bilen gelýän çägeden goramaga mümkinçilik berýär. Ýoluň üç gatly asfaltly betondan we çagylly esasdan ybarat bolan düşeginiň berk bolmagyna hem-de köprüleriň seýsmiki taýdan çydamlylygynyň ýokary derejede bolmagynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berildi. Köprüleriň gatnalýan bölegine yşyk serpikdiriji elementler bilen termoplastiki örtükler düşeldi, yşyklandyryjy sütünler, ýol belgileri oturdyldy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň estakadalaryň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäginde ýollaryň gurulmagy, şol sanda awtoulag ýollarynyň çekilmegi Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny we sebitlerini birleşdirýän halkara üstaşyr ýollaryny ösdürmek üçin oňaýly we ykdysady taýdan bähbitli çözgütleriň biri bolup hyzmat edýär. Russiýanyň Baltika portlaryndan Pars aýlagyna çenli ýükleri eltmek üçin iň gysga ýol hut Türkmenistanyň içinden geçýär.
Döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, welaýat we etrapara derejesindäki awtoulag ýollaryň gurluşygyna giň gerim berilýär. Çünki ýurdumyzyň senagatynyň we oba hojalygynyň okgunly ösmegi döredilýän netijeli ulag düzümi bilen berkidilmelidir. Mundan başga-da, ýollaryň giň möçberli gurluşygy welaýatlaryň ählisinde täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy gowulandyrmaga, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr daşary yurt awtoulag gatnawlarynyň möçberini artdyrmaga, hereket howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Demir ýol pudagy hem ýurdumyzyň ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň döredilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we bu ulgamda çalt depginler bilen durmuşa geçirilýän aýdyň taslamalaryň birine öwrüldi. Bu geçelge Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky “köpri” bolar we ulag gatnawlary bilen baglanyşykly çykdajylary ep-esli kemelder hem-de yklymyň çäklerinde haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyny üpjün eder. Täze Üzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demir ýoly Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna oňaýly we ykdysady taýdan bähbitli ýol arkaly çykmaga mümkinçilik berer. Demirgazyk-Günorta ugry Sues kanalynyň üstünden geçýän ýoldan üç esse gysgadyr. Şol ýol arkaly üstaşyr ýükler Hindi ummany we Pars aýlagy ýurtlaryndan Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üstünden Demirgazyk we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna daşalar. Diýmek, Demirgazyk-Günorta geçelgesi arkaly ýükleri daşamak has amatlydyr. Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi häzir hereket edýän möhüm Aşgabat-Garagum-Daşoguz we Tejen-Sarahs-Maşat demir ýollary bilen bilelikde Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamynda yklymara ähmiýetli strategik demir ýol ulgamyna eýe bolan möhüm döwletiň derejesine çykmagyny üpjün eder.
Biziň ýurdumyzyň häzirki zaman ulag we demir ýol, howa we awtomobil gatnawlarynyň köp şahaly ulgamy, soňky ýyllarda gurlan täze ýollar goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyň, şol sanda ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak ulgamynda gatnaşyklaryň derejesini has belende galdyrmaga mümkinçilik berdi.
2010-njy ýylyň baharynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeroporty Ýewropadan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa barýan howa ýollarynyň iri üstaşyr nokady, Ýewropanyň we Aziýanyň sepgidinde ýerleşýän özboluşly “howa derwezesi” bolmalydyr. Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki zaman ýörelgeleri, raýatlarymyzyň abadançylygynyň has ýokarlanmagy täze halkara howa gatnawlarynyň açylmagyny şertlendirýär. Galyberse-de, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki üpjünçiligi we uçarlaryň häzirki zaman parky bu wezipäni doly çözmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Howa hereketini dolandyryş merkezini döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we raýat awiasiýasyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hakynda golaýda gol çeken Karary, birinjiden, diňe bir “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämilerine däl, eýsem, Aşgabadyň Halkara aeroportuna gonýan we Türkmenistanyň howa giňişliginden uçup geçýän daşary yurt uçarlaryna hem edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmaga ýardam eder. Ikinjiden, munuň özi uçarlaryň arasyndaky dik aralygy gysgaltmak arkaly biziň ýurdumyzyň howa giňişliginden uçup geçýän uçarlaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Üçünjiden, radiolokatorlaryň we nawigasion serişdeleriň görüjiliginiň uzaklygyny artdyrmagyň hasabyna uçuşlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrar. Galyberse-de, Türkmenistanyň howa gatnawynyň dolandyryş merkezlerini uçarlaryň tizligini we beýikligini ölçemegiň bitewi halkara ulgamyna geçirmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlary içerki gatnawlardan başga-da, dünýäniň 11 ýurdunyň 15 sany şäherine: Abu-Dabi, Amritsar, Almaty, Bangkok, Birmingem, Deli, Dubaý, Kiýew, London, Moskwa, Minsk, Pekin, Stambul, Sankt-Peterburg, Frankfurt şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Şeýle hem Aşgabatdan Astrahana, Jiddä, Milana, Nowosibirskä we Samara täze halkara gatnawlaryny açmak mümkinçilikleri öwrenilýär.
Şu ýylyň baharynda Eýran Yslam Respubliksynyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlgy çuňlaşdyrmak baradaky oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Duşuşyga gatnaşan ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlaryny baglanyşdyrjak Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygyň taslamasyna gol çekilmegi täze transmilli ýollaryny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmäge giň ýol açýan duşuşygyň iş ýüzündäki aýdyň netijesi boldy.
Müň ýyl mundan ozal bolşy ýaly, häzir hem Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup durýar. Şol ýoluň gaýtadan dikeldilmeginde biziň ýurdumyz möhüm orny eýeleýär. Ýokarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag düzümini döretmäge ägirt uly üns berýär. Pudaga goýberilýän ägirt uly maýa serişdeleri, ol ýa-da beýleki taslamalara halkara maliýe edaralarynyň, şeýle hem daşary yurt kompaniýalarynyň giňden çekilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Çünki ähli döwürlerde hem ýollar şäherleri we obalary ösdürmek, mes toprakly ýerleri özleşdirmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, tebigy baýlyklary netijeli ulanmaga hyzmat edipdir. Esasy bellemeli zat bolsa, täze ýollar işjeň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň täze ýollary diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň beýik geljegine alyp barýar.