Ýakynda ak mermere beslenen paýtagtymyzda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binalar toplumy, şeýle-de medeniýet we sungat işgärleri üçin ahli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bolsa ýene-de iki sany ajaýyp binalar toplumyny sowgat aldylar. Bu binalar öz aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. Sebäbi binalar monumentalist-suratkeşler Çary Saryýewiň, Meret Baýramowyň we Muhammet Goçmyradowyň çeper pannolary bilen bezelen.
Monumental sungatynyň köpçülige özboluşly täsiri bolanlygy sebäpli, oňa ruhubelentlik we beýik watançylyk äheňi mahsusdyr.
- Bu işe başlanymyzda, biz öz kärdeşlerimiz bilen türkmen halkynyň gadymdan gelýän baý medeni mirasynyň eserlerden eriş-argaç bolup geçimekligini gazanmaklyk maksadyna esaslandyk we şonuň üçin hem haly nagyşlaryna aýratyn üns berdik,- diýip, Çary Saryýew gürrüň berýär.
Binalary bezeýän ähli pannolar özüniň reňk aýratynlygy we nagyş çözgüdi bilen jaýlara aýtratyn bezeg berýär. Pannodaky kiçi 1,5?1,5sm ölçegdäki keramika plitkalary, suratkeşleriň hyýal eden eserleriniň inçe öwüşgünlerini şöhlelendirýärler.
Täze açylan ykdysadyýet şäherçesindäki kompozisiýa, Türkmenistanyň Tugundaky bäş gölüniň tertibinde ýerleşdirilen pannodan başlanýar. Pannodaky gölleriň iki tarapynda türkmen halkynyň bitewüliginiň we jebisliginiň bakylygyny görkezýän nagyşlar ýerleşdirilen. Pannonyň ýokarsyndan we aşagyndan gelýän ýyldyza kybapdaş nagyşyň gadymy Mäne baba ýadygärligindäki nagyşlara meňzeşligi, bu pannonyň ýene bir aýratynlygy bolup durýar.
Bir pannoda zenan bezeginiň giň ýaýran görnüşi bolan türkmen milli gülýakasynyň şekilini görüp bilýäris. Bu pannonyň geometriki nagşy XII-XIII asyra degişli bolan Maşat-Missirian ýadygärliginiň nagyşlaryny gaýtalaýar.
«Çolam» pannosynyň ýetiriliş aýratynlygy barada aýdanymyzda, onda türkmen toýlarynda we maşgala baýramçylyklarynda gara öýleriň ýokarky bölegine tutulýan haly zolagynyň görnüşi öz beýanyny tapdy. Bu pannonyň haly nagşy, gadymy maşgala ojagyndan hazirki zaman hemme amatlyklary bolan jaýlara öý-içeriniň ýaraşygyny, ýylylygyny we maşgala bagtyny geçirýän ýaly duýgulary döredýär.
Maşgala ojagynyň abadançylygyny şöhlelendirýän haly sungatynda ýaýran esasy nagyşlarynyň biri bolan „Goçak“ nagşynyň bolmagy ýöne ýerden däldir. Pannolaryň birinde sekiz goçak gül hökmunde ýerleşdirilipdir. Bu panno „Maşgala abadançylygy“ diýlip atlandyrylýar. Maşgala abadançylygyň güli özaralarynda ýapraklar bilen birikdirilip, ýaşaýşyň ýagty gün şöhleleri bilen ýyladylan gündogar nagşyny ýada salýar.
Ýene bir panno barada aýdanymyzda, , haly nagyşlaryndan döredilen bagy „Durmuş daragty“ diýen ady bezeýär. Bu bagyň her bir şahasynyň biriniň ykbalyny aňlatmagy suratkeş duýgusynyň çäksizligini görkezýär. Suratkeşleriň kompozisiýalaryny günüň şöhlelerine beslenip oturan goçaklardan düzülen gyrmyzy çigildemli „Nagyş“ atly panno jemlenýär.
Binagärlik bilen arabaglanyşygyň bolmagy monumental eserlerine öz täsirini ýetirýär- diýip, Meret Baýramow kompozisiýa düşündiriş berende aýdar. Monumental mozaiki pannoda meňzeş öwüşgini saklamak bilen çäklenmän, eýsem eser jaýyň binagärçilik ölçeglerine hem laýyklanmalydyr. Bu babatda haly nagyşlarynyň bölek edip ulanmaga döredýän mümkinçiligi – diwar monumental sungaty uçin şowly tapyndydyr.
Monumental mozaika işleri paýtagtyň beýleki ýerlerinde hem peýda bolýar. Kompozisiýalaryň reňk aýratynlyklary barada aýdanymyzda, olar edil türkmen halylary ýaly agraslygy we nepisligi bilen tapawutlanýarlar. Şonuň üçin hem türkmen halysynyň ýaşaýyş we iş otaglaryň bezegi bolman, eýsem bu ajaýyp sungatyň binagärçilikde hem esasy ornunyň barlygyny şübhesiz aýdyp bolar. Binagärçiligiň ösýän günlerinde bize miras galan halyçylyk, zergärçilik we binagärçilik sungatynyň hazirki zaman kaşaň binalarynda öz beýanyny tapmagy, ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň aýdyň beýanydyr.