Ï Türkmenistanda birinji Wena baly geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda birinji Wena baly geçirildi

view-icon 849
Şu gün Türkmen paýtagtynda birinji Wena baly geçirildi. Bu ajaýyp we täsirli çäre Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda garşylamaga taýýarlanýan ýurdumyzuň baý medeni durmuşyna täze öwüşginleri çaýdy. Şanly senäniň belleniljek ýylynda geçirilýän çäreleriň arasynda Wena balyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni gepleşiginiň barha giňelýändigini, netijeli türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýpandygyny we şol hyzmatdaşlygyň barşynda gumanitar ugurdaky gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýän subutnamalaryň birine öwürldi.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wena resmi sapary Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygyna badalga berdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine goşulan halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, sazandalar we tansçylar Wenanyň Ferstel Köşgünde uly konsert bilen çykyş edip, sazyň merkezi hökmünde tutuş Ýewropada ykrar edilen ýerde Türkmenistanyň saz medeniýet bilen tanyşdyrdylar.

Awstriýa-Türkmen jemgyeýeti iki ýurduň arasyndaky dostlugyň özboluly köprüsine öwrüldi, bu jemgyýet Günbatar Ýewropany häzirki zaman Türkmenistan, onuň gadymy taryhy we baý medeniýeti bilen tanyşdyrýar. Soňky ýyllarda Awstriýa-Türkmen jemgyýeti medeniýet, maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk boýnça bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde we howandarlyk etmeginde “Galkynyş” atly Türkmen-awstriýa simfoniki orkestr döredildi. 2009-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen-awstriýa orkestriniň birinji konserti geçirildi, Türkmenistanyň Baştutany onuň hormatly myhmany boldy.

Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günlerini, dürli tanyşdyrylaş dabaralaryny, döredijilik çärelerini, türkmen sungat ussatlarynyň Wenadaky we awstriýaly artistleriň Aşgabatdaky çykyşlaryny dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň giňelýändigine şaýatlyk edýän ýagdaýlar hökmünde görkezmek bolar. “Galkynyş” Türkmen-awstriýa žurnalynyň döredilmegi Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýewropalylary Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti, ýurdumyzyň häzirki döwri, ykdysady we syýahatçylyk babatdaky kuwwaty, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek ýaly uly möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyrylýan saýtynyň açylmagy iki ýurduň arasyndaky doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu gün Wena baly iki halkyň medeniýetleriniň gatnaşygynyň, dostlukly we ynama esaslanýan gepleşigiň ösdürilmegine hem-de iki ýurduň arasynda has doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam berýän möhüm ähmiýetli wakalaryň hataryna goşuldy.

Wena balynyň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň öňündäki meýdança saýlanyp alyndy, bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet wekilleriniň çykyşlary ençeme gezek guraldy.

Dürli reňňdäki güýz gülleri, suw çüwdürimleri, Köpetdagyň şekili, ak mermerli Aşgabadyň agşamky yşyklary we belent Garaşsyzlyk binasy Wena balynyň geçirilýän ýeriniň ajaýyp tebigy bezegine öwrüldi. Baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen meýdançanyň ortarasynda goýlan uly monitorda dostlukly iki döwletiň ajaýyp paýtagtlary—Wena we Aşgabat baradaky wideofilmler görkezilýär. Bu ýerde dürli ugurlara bagyşlanan köp sanly sergiler hem guraldy, şolarda türkmen halyçylarynyň we zergärleriniň, suratkeşleriň we keramikaçylaryň işleri görkezilýär. Balyň hormatly myhmanlarynyň arasynda ýurdumyzyň hökümetiniň agzlalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň we pudklaýyn edapralaryň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşlary bar. Birinji Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň wekiliýeti ýörite Aşgabada geldi.

Wena baly—Awstriýanyň paýtagtynyň ýüzi hasaplanýar. Iki ýüz ýyla golaý taryhynyň dowamyna Wena baly öz abraýyny pese düşürmän, gaýtam uly sarpa goýulýan wakalaryň biri hasaplanýar. Dünýäniň Tokio, Rim, Nýu-Ýork, Moskwa, Stambul, Dubaý we Bangkok ýaly köp sanly şäherlerinde Wena balynyň mysalynda, “Opera ballary” geçirilýär. Ýewroanyň Budapeşt, Praga we Bratislawa ýaly paýtagtlarynda bala, däp bolşy ýaly, Wenanyň orkestri we Wena tansmeýsteri çagyrylýar.

Aşgabat hem şu göreldä eýerýär. Wena balyny geçirmek üçin türkmen paýtagtyna Wenanyň esasy saz toparlarynyň biri hasaplanýan “Iogann Ştraus” ansambly ýörite çagyryldy. Bu topar Awstriýanyň belli orkestrleriniň sazandalaryndan ybaratdyr, olar 1998-nji ýyldan bäri bilelikde saz çalýarlar. Bu topar Awstriýanyň belli konsert zallarynda guralýan konsertlerde we kamera sazynyň agşamlarynda yzygiderli ýagdaýda çykyş edýär. Ansambl Germaniýada, Sloweniýada, Hytaýda, Azerbaýjanda, Türkiýede, Bosniýa-Gersogowinada, Gresiýada, Polşada, Kiprde, Gazagystanda, Gruziýada çykyş etdi. Türkmen saz söýüjileri bilen bu topar bilen tanyşdyr. 2008-nji ýylda ansambl “Türkmenistan. Saz sungaty—adamzadyň ruhy genji-hazynasy” atly halkara festiwalyna hem-de 2010-njy ýylda Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Bu topar nusgawy eserleriň, şol sanda Ştrauslaryň nebereleriniň we Wena operettasynyň ussatlarynyň eserlerini ýerine ýetirmek arkaly halkara derejesinde ykrar edildi. Wena balynyň horeografy hökmünde Aşgabada Dawid Slobaspiskiý çagyryldy. Ol Ýewropada belli horeograf hem-de köp ýyllaryň dowamynda Pragada Milli opera we balet teatrynyň we Wenanyň döwlet operasynda baletiň solisti hökmünde çykyş edýän tansçy hökmünde tanalýar.

Myhmanlaryň ýygnanandygyny we Balyň başlanandygyny alamatdyrmak üçin Surnaýlar çalynýar. Berk berjaý edilýän protokola görä, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy bala ilkinji gezek gatnaşýan tansçylaryň jübütleriniň 25-siniň çykyşy bilen başlanýar. Däp bolşy ýaly ýigitleriň fraklarynyň we gyzlaryň balda geýilýän nepis köýnekleriniň gara-ak reňkli gammasy dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Adatça gyzlar şunuň ýaly ýerde depesine täç dakynýarlar. Ştrausyň ajaýyp sazy ýaňlanyp, tans edilýär. Tans tamamlanandan soňra, bilelikdäki döredijilik çäresiniň resmi taýdan açylyş dabarasy başlandy.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýüzlenmesini içgin üns berip diňleýärler we ony şowhunly el çarpmak bilen kabul edýärler.

Döwlet Baştutany Wena balyna gatnaşyjylary bu çäräniň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, şu halkara çäresiniň syýasy, ykdysady we ylmy-medeni taýdan netijeli türkmen-awstriýa gepleşigini pugtalandyrmakda, iki halkyň deöredijilikli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, ik halkyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesinde şeýle diýilýär: “Aşgabatda birinji Wena balynyň geçirilmeginiň özboluşly manysy bolup, ol uly ähmiýete eýedir. Dünýäde, şol sanda Ýewropa döwletlerinde yzygiderli geçirilýän bu medeni çäräniň meşhurlygy, derejesiniň örän ýokarydyr. Onda aýdym-saz we tans medeniýeti, jemgyetiň umymy ruhy aň-düşünjesi öz beýanyny tapýar. Beýik galkynyşy baýdan geçirýän Türkmenistanda birinji Wena balynyň guralmagy türkmen medeniýetinde täze sahypany açýar”.

Soňra türkmen--awstriýa balyna gatnaşyjylar we myhmanlar üçin Wena şäheriniň meri—doktor Mihael Hoýpl gutlag haty okalýar. Wenanyň ýolbaşçysy şu çäräni iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, ony Awstriýanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna saz görnüşdäki sowgady diýip atlandyrdy.

Wena balyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa döredijilik çäresini geçirmek baradaky başlangyjyň amala aşyrylýandygy hem-de iki ýurduň halklarynyň dostlugyny we özara düşünişmegini has-da pugtalandyrmaga, Ýer ýüzündäki parahatçylyga we abadançylyga ýardam berilmegine gönükdirilen bu halkara çäresiniň göwnejaý guralandygyny üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Dabaranyň resmi bölümi tamamlanandan soňra baldaky çykyşlar başlandy. Wenanyň dirižer, professor Wolfgang Harrer tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Iogann Ştraus” ansamblynyň çykyşy meşhur nusgawy eserlerden, operettalaryň böleklerinden, mylaýym sazlardan, degişme görnüşdäki sazlardan ybarat boldy.

Märeke solistler Anita Gets (soprano) we Lewent Gýundýus (tenor) tarapyndan Frans Legaryň we Imre Kalmanyň meşhur operattalaryndan ariýalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegine mynasyp baha berdi. Wena baly—munuň özi, ilkinji nobatda balet jübütleriniň ýerine ýetirmegindäki walslardan ybaratdyr we ansamblyň çykyşlary bilen utgaşyp gidýär. Aşgabatda nusgawy wena walsy balet jübütleriniň ikisi—Konstans Karl-Rýukert we Frantişek Sulek, Katrin Kerl we Dawid Slobaspiskiý tarapyndan ýerine ýetirildi. Myhmanlaryň Wena mahsus näziklige we saz döredijiliginiň şatlygyna ýugrulan täsirli Aşgabatda geçirilen ilkinji Wena balyna gelen köp sanly adamlary biperwaý galdyrmady.

Balda Türkmen döwlet simfoniki orkestri çykyş etdi. Orkestriň ýerine ýetirmeginde milli we dünýäniň nusgawy saz eserleri ýaňlandy. Baýramçylyk agşamynda dürli tans äheňleri ýaňlandy hem-d bala gatnaşýan köp sanly adamlaryň göwünlerini göterdi.

Täsirli gözden geçiriliş Wena balynyň bezegine öwrüldi. Paýtagtymyzyň Modalar öýi öz işlerini—gadymy milli nagyşlar bilen bezelen ajaýyp döwrebap lybaslary görkezdi. Moda mahsus ugurlaryň utgaşdyrylmagy, milli lybaslaryň açyklygy we özboluşlylygy täsirli saz bilen goşulyşyp, tomaşaçylara Wena balyna mahsus bolan ýagdaýa has içgin aralaşmagyna ýardam berdi.

Türkmen we awstriýa sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Radesk marşy” Wena balynyň jemleýji sazyna öwrüldi. Bu saz Iogann Ştrausyň belli eserleriniň biri bolup durýar. Adatça, dünýäniň iň oňat orkestrleriniň biri hasaplanýan Wenanyň Filarmoniýasynyň orkestriniň her ýylda bütin dünýäde syn edilýän Täze ýylky konserti şol saz bilen jemlenýär.

Wena balynda agşamlyk nahar berilende we “Wena kafesinde” milli awstriýa we türkmen aşhanalarynyň tagamlary hödürlendi. Mälim bolşy ýaly, aşhana sungat bilen birlikde, dünýäniň halklarynyň özboluşly medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we adatlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.Türkmen florasyna uly sarpa goýýanlar güllerden ybarat kompozisiýalary bilen baly bezediler.

Aşgabatdaky birinji Wena baly oňa gatnaşyjylar üçin hakykatdan-da ýatdan çykmajak waka öwrülip, medeniýetiň we sungatyň daş aralykda ýerleşýän dürli halklary parahatçylyk, gowulyk we ösüş ugrundaky maksatlar arkaly birleşdirýändigi barada aýdylan sözleriň hakykata laýyk gelýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.