Dutar - türkmen halkynyň gymmatly hazynasydyr. Bu günler türkmen dutarynyň jadylaýjy mukamy simfoniki we estrada orkestrlerinde ýaňlanýar, dutarçylaryň repertuaryna başga halklaryň hem sazlary girdi. Muňa garamazdan dutary çalmagyň we ony ýasamagyň aýratynlyklary saklanyp galdy.
Türkmen dutary türkmeniň şatlykly we gamgyn günlerinde, Köpetdagda we Garagum sährasynda ýeňil bolmadyk ýörişlerinde ýakyn ýoldaşy bolupdyr. Dutarda ýerine ýetirilýän mukamlar- gündogaryň özboluşly sýuitalary diýsek bolar. Müňlerçe ýyl mundan öň gündogaryň beýik akyldary , „Saz baradaky uly traktatyň“ awtory Al- Farabi hem bu ajaýyp mukamlary diňläpdir. Bagşyçylyk sungaty beýik zamana bilen deň gadam urup, täze mazmunly eserler bilen baýlaşyp, integem diňleýjileriň ýüregini tolgundyrýar.
Muhammet Işangulyýew - dutarçy ussa. Ol çagalykdan kakasynyň ussahanasynda köp wagtyny geçirerdi. „Gowy sazyň özi ýadyňda galyp, kalbyňa ornaşýar. Ol bir adamyň adyny ýadyňda saklan ýaly. Sazy söýüň, hiç – bir kesel ýanyňyza gelmez we garrylyk duşuňyzdan geçer gider “ diýip kakasynyň aýdan sözleri Muhammediň ýüreginde ömürlik galdy. Muhammet şu wagta çenli kakasynyň wesýetleri bilen ýaşaýar we bütin ömrüni bu inçe sungata- saz gurallaryny ýasamak kärine özüni bagyş etdi. Ussanyň özüniň hem saz gurallaryna meňseşligi bar, sebabi onuň ýylgyrşyna garanyňda ol sussypeslik we gaýgy ýaly duýgulary bilen nätanyş ýaly bolup görünýär. Onuň gözlerinden özüne erk edýän, dutaryň polat kirişleri ýaly berk we gönümel häsiýetli adamy görüp bolýar.
Ol ajaýyp saz mukamyny döredip bilýan saz guralynyň ýasalýan agajynyň ähli syrlaryny bilýär. Muhammediň aýtmagyna görä, dutary ýasamak üçin niýetlenen agaç öz häsiýetlerine boýun bolmagy talap edip, ussanyň döredijilik oýlanmalaryny ugrukdyryp bilýär. Agaja düşünmegi we ony duýmagy öwrenen ussa üstünlige tama edip biler.
Dutaryň agajyny saýlap almaklyk uly bir iş. Dutary ýasamak üçin armyt we tut agaçlary ulanylýar. Agaçlar hökman miwe getirýän bolmaly, sebäbi diňe şonda dutardan gerek bolan sesi alyp bolýar. Saýlanan agaç bütin tomsuň dowamynda günüň ýiti şöhleleriniň düşýän ýerinde guradylýar. Tomsuň jowzaly günlerinde guradylan agaç öz içine köp ýylylygy alanda, ussanyň elinden çykan ajaýyp türkmen dutary günüň şöhlelerinden dokalan sazy has belentden ýaňlandyrar.
Halyçynyň keýpi ýok wagtynda haly dokamaga başlamaýşy ýaly, dutar ussasy hem ylhamy bolmasa, ýa-da ýüreginde gussa bolsa bu işe başlap bilmeýär. Sebäbi bu ýagdaýda ýasalan dutaryň owazynda gaýgyly mukamlar ýaňlanar. Diňe kalbyň we şähdiň açyk bolanda mukamy döredýan ajaýyp dutary ýasamaga başlap bolar. Köpýyllyk tejribesi bolan Muhammet aýratyn bir zady belläp geçdi. Ol ençeme döreden saz gurallarynyň ses çykaryşy boýunça biri – birine doly laýyk gelýaniniň ýoklugyny belledi. Ol öz dutarlaryny dürli görnüşli adamlar bilen deňeşdirýär. Olar öz häsiýetleriniň aýratynlygy bilen tapawutlanyp, her biri özüniň sazandasyna garaşýar diýýär. Edil şu aýdylanlary sazanda barada hem aýdyp bolýar. Haçanda bagşy dutary saýlanda, ol özüniň içki dünýäsine kybapdaş mukamly dutary saýlaýar. Belki dutaryň mukamynyň özboluşly we hiç haçan könelmeýän owazy- bagşy bilen saz guralynyň bütewi aýrylmazlygyndadyr.
Garamtyl-goňur reňkli dutary elimde saklanymda, mende deňiz suwunyň timarlan daşy ýaly ýylmanak dutary näme bilen beýle ýylmadylarka we beýle öwüşgün nireden döreýärka diýen sorag döredi. Meniň bu soragyma ussa ýylgyrdy. „Ýaňy ussanyň elinden dörän dutar, özüniň sazandasyna garaşyp tekjede duran wagtynda açyk sary günüň reňkinde bolýar. Bagşynyň elinde köp ýyllaryň dowamynda hyzmat eden dutar ýylmanak bolýar we reňki üýtgäp, özboluşly öwüşgünli saz guralyny emele gelýär“.
Bir gezek Muhammediň ussahanasyna dutar diňlemek we almak üçin Amerikadan myhman geldi. Amerikaly myhman iki ýylyň dowamynda Serdar şäherinde ýaşap, çagalara iňlis dilini öwreden wagtynda dutaryň mukamyny eşidip, hiç bir saz guralynyň sesine meňzemeýän mukama haýran galypdyr. Muhammet myhmandan türkmen dutarynyň näme üçin onda beýle täsir galdyranyny soranda, myhman –„Siziň sazyňyz- durmuş filosofiýasy “ diýip jogap beripdir. Ol gitara saz guralynda çalmak üçin birnäçe türkmen sazyny nota geçiripdir we türkmen dutaryny Amerika alyp gidipdir. Indi Muhammediň ussat ellerinden çykan türkmen dutary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bir şäheriniň saz gurallar muzeýiniň eksponatlarynyň arasynda öz mynasyp ornuny tutýar.
Muhammediň iki ogly kakasynyň kärini ele alýarlar. Olar hem edil Muhammediň özi ýaly bu käri öz kakalarynyň ýanynda öwrendiler. Kakasynyň işine ýaşlygyndan syn edip, olar bu käri jikme-jik öwrendiler we inçe sungatyň içine girdiler. Muhammet Işangulyýewiň gyjaklarynda we dutarlarynda sazandalaryň birnäçe nesilleri saz çalyp gelýär. Ussahananyň işi hiç wagt gutarmaýar. Dutar kakasyndan ogluna geçirilýän bolsa hem, bagşy öz içki dünýäsi bilen sazlaşýan dutary hökman saýlap alýar. Goňşy ýurtlardan gelýän sazandalar hem Muhammet ussa ýuz tutýarlar. Şeýdip, türkmen dutary Berzeňňidäki ussahanadan daş ýurtlara syýahatçylyga ugrap, „durmuş filosofiýasyny“ paýlaýar.
Türkmen dutary ähli wagtlarda iň gowy sowgat hasaplanypdyr. Şu wagt hem bu däp saklanyp galdy. Haçanda birine öz aýratyn hormatyňy bildirjek bolsaň, oňa dutar sowgat edäýmeli. Dutary diwardan asyp ýa-da ýörite ýerde goýup, ony maşgala abadançylygynyň we toý-baýramlaryň nyşany hökmünde aýap saklaýarlar.