Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly konsert zalynda belli kompozitor Aşyr Abdyllaýewiň döredijilik agşamy mynasybetli paýtagtymyzyň saz söýüjileri, kompozitoryň muşdaklary, şägirtleri hem-de kärdeşleri ýygnandylar.
Üflenip çalynýan gurallaryň talyplardan düzülen orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan „Türkmen marşy“ bu çäräniň dabarasyny has hem ýokary göterdi. Türkmen milli sahnasynyň belli wokalistleri we kompozitoryň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestri saz agşamyny dowam etdiler. Bu ýerde Magtymgulynyň, Gurbannazar Ezizowyň, Atamyrat Atabaýewiň döredijiliginden liriki aýdymlar, akkardeon we fortepiano üçin pýesaslar ýaňlandy.
Aşyr Abdyllaýewiň döreden owazlary özüniň ýürekdenligi, ýönekeýligi we aýdyňlygy bilen tapawutlanyp, her bir adama ýakyn bolýar. Onuň owazlaryny özüne mahsus bolan aýratynlygy , ýagny begenç we arzuw hyýalyň utgaşmagy, bakylyk baradaky duýgulary bilen tapawutlandyrmak bolýar.
... Aşyr Abdyllaýew ýetimler öýunde terbiýelendi we sazyň mylaýym owazlary çagalygyndaky ýatlamalarynyň iň ýagtysy bolup durýar. Ol höwesjeňler orkestriniň repetisiýalaryna erjellik bilen gatnaşyp, baýan saz guralyny ökdelik bilen çalyp öwrenenden soň mekdep çäreleriniň ählisiniň çalşyp bolmajak gatnaşyjysy boldy. Saza bolan höwesi üçin ony zehinli çagalaryň ýörite sazçylyk mekdep-internatyna geçirdiler. Ondan soň ol öz okuwyny sazçylyk ýörite mekdebinde we Moskwadaky medeniýet institutynyň orkestr direžýory bölüminde dowam etdi.
Onuň ilkinji döreden işiniň biri halkyň iň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowyň „Tylla balyk“ eserine bagyşlanypdy. Ilkibaşdan bu romans baýan bilen aýdylmak üçin göz öňünde tutulypdy. Şol döwürde eýýäm belli bolan kompozitor Nury Halmämmedow ilkinjileriň biri bolup bu eseri eşidipdi we ony fortepiano bilen çalmagy teklip edipdi. Bu liriki eser üýtgeşik sazlaşyk bilen bezelenden soň has hem üýtgeşik owaza öwrüldi. Gurbannazar Ezizowyň özi bu ajaýyp döredijilik işi diňländen soň ony „Söýginiň ajaýyp mukamy“ diýip atlandyrdy. Hut Nury Halmammedowyň aranžirowkasynda „Tylla balyk“ romansy giň körçüligiň arasynda uly meşgurlyga eýe boldy we ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen estradasynyň ussat ýerine ýetirijileriniň repertuarlarynda ilkinji orunlary tutýar.
Aşyr Abdyllaýewiň döredijilik gorunda türkmen klassika we häzirki zaman şahyrlarynyň sözlerine ýüzden gowrak romanslary bar. Ol baýan, fortepiano we halk saz gurallary örkestri üçin ençeme pýesalaryň hem eýesi. Her bir häzirkizaman sungatynyň esasy meselesi- çylşyrymly çuňňur pikirleri ýönekeýleşdirip diňleýjä ýetirmekligiň ugruny gözlemeklikden ybaratdyr. Aşyr Abdyllaýew bu meseläniň hötdesinden gelýär. Onuň sazlarynda nowjuwan ýaşlygyň joşguny, adam duýgularynyň arassalygy, ýaşaýsyň ajaýyplygy duýulýar.