Şu gün paýtagtymyzda “Bürünç-demir eýýamlary we türkmeniň maddy-ruhy mirasy” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri ylmy maslahat türkmen alymlarynyň öňünde dürli ugurlarda, şol sanda milli taryhy, biziň gadymy halkymyzyň däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny öwrenmek, şeýle hem halkara ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini türkmen halkynyň köp asyrlyk mirasy bilen tanyşdyrmak boýunça wajyp wezipeleri goýdy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan we geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 30 ýurdundan alymlar geldiler. Olar ABŞ-dan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Fransiýadan, Wengriýadan, Siriýadan, Müsürden, Eýrandan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Hfytaýdan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagytsndan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Özbegistandan we beýleki köp döwletlerden gelen arheologlar, etnograflar, gündogary öwreniji taryhçylar, dilçiler we antropologlardyr. Olaryň arasynda dünýäde meşhur alymlar, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda ylmy barlaglary alyp barýan alymlar bar.
Myhmansöýer türkmen topragynda medeniýetiň we ylmyň wekilleriniň dostluga mahsus ýagdaýdaky şunuň ýaly duşuşyklary häli-şindi guralýar hem-de Türkmenistanyň halkara durmuşynyň ruhy öwüşginleriniň kesgitlenmegine belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Müňýyllyklaryň dowamynda milli taryh we medeniýet boýunça emele gelen baýlyk dünýäniň dürli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň oňaýly binýadyna öwrülip, halklaryň özara baýlaşmagyna, ýakynlaşmagyna we ynamyň berkidilmegine ýardam berýär.
Maslahat ýakynda Aşgabatda ulanmaga berlen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Oňa hökümetiň agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap,
halkara ylmy hyzmatdaşlygynda umumy maksatlary işläp düzmek, täze ylmy nazaryýetleri esaslandyrmak, taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, gorap saklamak we öwrenmek, şeýle hem türkmen halkynyň maddy-ruhy medeniýetiniň dünýäniň taryhy-medeni mirasynda tutýan ornuny kesgitlemek babatda bu halkara ylmy maslahatynyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirdi.
Taryhyň dowamynda medeniýetleriň özara täsirini ýetirmeginde, ylmy nukdaýnazarlaryň ösüşiniň barşynda möhüm orny eýelän Türkmenistanyň häzirki wagtda dünýäde Ýer ýüzüniň halklaryny birek-birek bilen baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan ýurt hökmünde täze derejelere ýetýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmen topragy dünýäde iň irki medeni ojaklaryň biridir, türkmen halky umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gymmatlyklary döreden halk hökmünde köp sanly tanymal alymlaryň, taryhy öwrenijileriň ünsüni çekýär.
Soňra umumy mejlis geçirildi. Onda Hytaýdan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Pakistandan, Täjigistandan gelen myhmanlar çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň medeni mirasyny öwrenmek, arheologiýa we taryh ylmy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerini beýan etdiler. Şeýle hem çykyşlarda dürli maglumatlary hem-de ýurdumyzyň Margiana we Goňurdepe, Ulugdepe, Akdepe ýaly täsin galdyrýan ýadygärlikleriň çäklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahalynda ýüze çykarylan tapyndylary düşündirmek bilen bagly ylmy barlaglaryň we işleriň netijeleri bilen tanyşdyryldy.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň orny nygtaldy. Şol başlangyçlar türkmen ylmynyň gaýtadan dikeldilmegine we ösmegine, milletiň beýik geçmişini öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmäge ýardam edýär.
Günüň ikinji ýarmynda halkara maslahatynyň işi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda we onuň taryhy, arheologiýa we etnografiýa institutlarynda bölümler boýunça dowam etdirildi. Bölümlerde gyzykly çykyşlaryň ençemesi diňlenildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda ýüze çykarylan hem-de bürünç we demir eýýamlaryna degişli bolan ýadygärlkileri we subutnamalary Ýewraziýanyň we tutuş dünýäniň umumy medeni mirasy bilen baglylykda öwrenmek, şol taryhy döwürde türkmenleriň ata-babalarynyň beýleki halklar bilen sebitara medeni-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ýaly meseleler bar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen mejlisde täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň ylym we medeniýet boýunça dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyna degişli meselelere aýratynlykda garalýar.
Öz gezeginde türkmen hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşlerini ýurdumyzda alnyp barylýan köp ugurly ylmy işler, şeýle hem Türkmenistanyň belli arheologik ýadygärlkileriniň mysalynda bürünç-demir eýýamlaryny öwrenmek işine degişli täze maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.
Medeni-ylmy aragatnaşyklaryň islendik ýurduň syýasatynyň möhüm ähmiýetli düzümi bolup, onuň keşbini dünýä derejesinde suratlandyrýandygy bellenildi. Şu jähetden alanyňda, Türkmenistan görelde görkezýän döwlet hasaplanýar, çünki ýurdumyzda hökümet derejesinde gumanitar hyzmatdaşlyga degişli möhüm we gyzykly taslamalar öňe sürülýär, umumy ruhy gymmatlyklar esasynda döredijilkili we netijeli hyzmatdaşlyk üçin örän oňaýly şertler döredilýär. Ösüş—munuň özi medeniýetleriň gatnaşygynyň, ylmyň dürli ugurlary boýunça iş ýüzünde arkalaşykly hereket etmegiň netijesi bolup durýar. Şunda taryhy miras aýratyn ähmiýete eýedir hem-de dünýä medeniýetiniň esasy özeni hasaplanýar.
Maslahata gatnaşýanlaryň ýakynda we alysda ýerleşýän ýurtlara wekilçilik etmegi ara alnyp maslahatlaşylýan jähetlere “interaktiw” görnüşde we giňişleýin syn bermäge, dürli nukdaýnazarlar bilen tanyşmaga, ylym we medeniýert boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň umumy konsepsiýasyny bellemäge, taryhy bilimleriň we milli mirasyň derwaýyslygyna we wagyz edilmegine ylmy çemeleşmeleriň işlenip düzülmegine mümkinçilik döredýär.
Maslahatyň şeýle giň gerimli bolmagy belli bir ugurlara degişli söhbetdeşlikleriň köptaraplaýyn häsiýete eýe bolmagyny häsiýetlendirdi, şol söhbetdeşliklere adam baradaky arheolgiýa, antropologiýa, etnografiýa, filosofiýa, sosiolingiwsitik we sungaty öwreniş ýaly dürli taryhy we medeni dersler we ylymlar boýunça hünärmenler gatnaşdylar.
Öz topragymyzda yz galdyryp giden ýüzlerçe nesilleriň ýaşaýşyny suratlandyran ýadygärlkilere garaýyş—munuň özi diňe bir adamlaryň medeniýetiniň derejesine we olaryň öz geçmişine hormat goýmagyna degişli görkeziji bolmak bilen çäklenmän, eýsem döwletiň ösüşiniň derejesini hem äşgär edýär. Hut türkmen döwletiniň milli medeni genji-hazyna, köp asyrlyk mirasyna gatnaşygy häzirki wagtda ýurdumyzda taryh ylmy boýunça mekdebiň täze hilli görnüşde kemala gelmegini kesgitleýär. Taryha we medeniýete degişli ýagdaý jemgyýetiň häzirki durmuşynyň aýrylmaz bölegi, jemgyýetiň ösüşiniň esasy ýörelgeleriniň biri bolup, geçmişiň geljek bilen aýrylmaz baglanyşygy hem-de halkyň taryhy hasaplanýar. Şuňa ähli hünärmenleriň medeni mirasy goramak, ylmy barlaglar we gündelik tejribe, taryhy ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça dünýäde toplanan tejribäni öwrenmek we halkara hyzmatdaşlygny giňeltmek bilen bagly yhlasly işi hem girýär.
“Bürünç-demir eýýamlary we türkmeniň maddy-ruhy mirasy” atly halkara ylmy maslahatynyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň dünýäde ykrar edilen ylmy merkez hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrjakdygyna, ylmy gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, täze gyzykly ylmy çaklamalaryň orta atylmagyna hem-de alymlary biperwaý goýmaýan meselelerň çözgütleriniň tapylmagyna ýardam berjekdigine söz ýok.
Şu gün maslahata gatnaşyjylar medeni çäreleriň maksatnamasyna görä, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyny synladylar. Şeýle hem paýtagtymyzyň myhmanlary Türkmenistanyň Baş milli muzeýine we Şekillendiriş sungaty muzeýine, Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoluna baryp gördüler.
Ertir maslahat öz işini dowam eder, şonda demir we bürünç asyrlaryň ruhy we maddy medeniýetiniň ösüşiniň dürli milli we taryhy baglanyşyklaryna, şol ösüşiň ýerli we köp taraplaýyn ýagdaýlaryna, gadymy eýýamlarda we häzirki zaman ylmynda halklaryň birek-birege täsiriniň we özara arkalaşykly hereketiniň ähmiýetine degişli meselelere garalar.