Ï Gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli: Türkmenistanyň taryhy gymmatlyklarynyň dünýä mirasy bilen baglanyşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli: Türkmenistanyň taryhy gymmatlyklarynyň dünýä mirasy bilen baglanyşygy

view-icon 1675
Şu gün “Bürünç-demir eýýamlary we türkmeniň maddy-ruhy mirasy” atly halkara ylmy maslahatynyň ikinji iş güni boldy, şonda dürli ýurtlardan iri ylmy merkezleriň esasy barlagçylar-taryhçylary, arheologlary we hünärmenleri ýygnandylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan we milli taryhymyzyň gadymy eýýamlaryny çuňňur öwrenmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk maddy we ruhy mirasy bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini tanyşdyrmak meselelerine bagyşlanan nobatdaky ylmy maslahat bu ulgamda halkara ylmy we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Hünärmenleriň şu duşuşygynyň gürrüňsiz suratda taryhy bilimleri wagyz etmek, arheologiýa ýadygärliklerini goramak, olary dikeltmek we zaýalanmagynyň öňüni almak babatda tejribe alyşmak, ylmy barlaglary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýeti bardyr.

Bellenip geçilişi ýaly, täze Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi, türkmen halkynyň milli mirasyny goramak hem-de wagyz etmek işine hut özüniň gatnaşmagy netijesinde türkmen taryhy ylmynyň we arheologiýasynyň ösüşinde ep-esli üstünlikler gazanyldy. ÝUNESKO-nyň ýokary sylagy—“Awisenna” altyn medaly türkmen Lideriniň medeniýeti ösdürmäge goşan görnükli goşandynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi boldy, şol sylaga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylda mynasyp boldy.

Bu gün taryhy we medeni ýadygärliklere türkmen döwleti tarapyndan häzirki zaman milli medeniýetini we syýahatçylygyny ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Biz bu ýadygärlikleriň hemmesini aýawly saklamak bilen, özümiziň ruhy, milli şejerämiz bolan medeni mirasymyzy öwezini dolup bolmajak ýitgilerden goraýarys.

Maslahatyň işiniň barşynda dünýäniň 30 ýurdundan gelen wekiller biziň ýurdumyzyň çäklerinde demir we bürünç eýýamlarynyň ýadygärliklerini derňemäge degişli ylmy işleriň jemlerini we meýdan--arheologiki toparlarynyň işiniň netijelerini, Diýarymyzyň gadymy gymmatlyklaryny, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gözbaşlaryny öwrenmek meselelerini ara alyp maslahatlaşylar. Täze meýiller we çaklamalar bilelikde seljerildi, munuň özi hemişe ylmy pikirleri ýitileşdirýär we täze ylmy gözleglere itergi berýär. Giň taryhy çäkde, syýasat, pelsepewi, ykdysadyýet we beýleki ulgamlarda bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, medeniýetleriň we milletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ornuna aýratyn üns berildi.

Şu gün bölümleriň dördüsinde dowam eden mejlislerde ylmy ara alyp maslahatlaşmalar üçin has uly gyzyklanma döredýän meseleler kesgitlendi, taryh ylmynyň möhüm meselelerine garaldy we adamzadyň gadymy taryhynyň näbelli sahypalaryny ýüze çykarmakda bilelikdäki tagallalary sarp etmegiň ugurlary bellenildi.

Tutuşlygyna alnanda, maslahata gatnaşyjylaryň demir-bürünç önümçiliginiň we onuň ykdysadyýetde, medeniýetde we gadymy taýpalaryň durmuş gatnaşyklaryna, etnikara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekge üýtgeşmeleri döreden sebitiň ösüşiniň meselelerine bagyşlanan çykyşlarynyň ýüzden gowragy diňlendi.

Baý arheologiki maglumatlaryň, Türkmenistanyň çäklerinde ýüze çykarylan özboluşly tapyndylaryň esasynda türkmenleriň ata-babalarynyň maddy we ruhy medeniýeti, Margiana, Parfiýa, Dehistan we başgalar ýaly meşhur merkezleriň syýasy we ykdysady durmuşy hakyndaky täze maglumatlara garaldy. Ulugdepe, Altyndepe, Goňurdepe, Namazgadepe, Akdepe we beýleki meşhur ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gadymy desgalaryň we önümleriň häsiýeti, aýratynlyklary boýunça jemgyýetçilik gurluşynyň we administratiw dolandyryşynyň, hojalygy ýöretmegiň gadymy däplerini, şol sanda saz, şekillendiriş sungatyny, hünärmentçiligi ösdürmegi hem-de gurluşygy, harby işi, urp-adatlaryň, däpleriň we dini ynançlaryň kemala gelmegini dikeltmäge synanyşyk edildi.

Mysal üçin, Beýik Britaniýadan gelen arheolog Kristofer Tornton gadymy Akdepe şäherini öwrenmäge bagyşlan öz çykyşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen açyşlaryň we barlaglaryň dünýä ylmyny ösdürmekde taryhy ornuny nygtady. Aşgabat şäheriniň taryhy hakyndaky täze maglumatlary agtaryp, ekspedisiýalaryň bäşisini geçirdiler. Bu iş täze möhüm ýagdaýlary ýüze çykardy, olar geçen ýyllaryň gazuw-agtaryş işleri babatda jikme-jik öwrenilmegini hem-de seljerilmegini talap edýär.

Pensilwaniýadan (ABŞ) köp ýyllaryň dowamynda öz barlaglaryny biziň ýurdumyzda geçiren antropologiýa professory Frederik Hibert öz çykyşynda Köpetdagyň etegindäki jülgeleriň ýadygärliklerde geçiren arheologiki gazuw-agtaryşlarynyň maglumatlaryna daýanyp, Merkezi Aziýanyň gadymy medeni ojaklarynyň suwarymly ekerançylygyň, ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly özara täsirine ünsi çekdi.

Germaniýadan gelen alym Nikolaus Boroffka öz çykyşynda Goňupdepe ýadygärliginiň bir böleginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri hakyndaky gyzykly maglumatlary getirdi, şol ýerde çylşyrymly gurluşyk desgasy ýüze çykaryldy. Bu desga, megerem, däp-dessur maksatly bolandyr,

“ot ýakylýan ojaklar” we şol ýerde gadymy mesgen tutanlaryň ruhy durmuşyna şaýatlyk edýän tapyndylar muňa güwä geçýär.

Babadurmaz obasynyň golaýynda bürünç eýýamynyň az öwrenilen ýadygärlikleri Russiýaly arheolog Wiktor Pilipkonyň ylmy habarynyň meselesi boldy. Şol ýadygärlikleriň öwrenilmegi Namazgadepe medeniýetiniň gülläp ösen döwründe durmuş gatnaşyklarynyň ösüşi hakynda biziň bilimlerimizi baýlaşdyrmaga kömek eder. Daşary ýurtly we türkmen taryhçylarynyň, şeýle hem sungaty öwrenijileriň, etnograflaryň, dilçileriň çykyşlarynda Türkmenistandaky arheologiki açyşlaryň Gündogaryň dürli siwilizasiýalarynyň özara baglanyşygyny, suwarymly ekerançylygyň we maldarçylygyň, haryt-pul gatnaşyklarynyň, lukmançylygyň, dini garaýyşlaryň ösüşiniň taryhyny, şeýle hem antropologiýa we türkmenleriň gelip çykyşyna degişli meseleleri esaslandyrmakdaky ornuna garalyp geçildi.

Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkinçilikleri aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary ýurtly myhmanlar däp-dessurlary dikeltmek biziň ata-babalarymyzyň bütin adamzadyň medeniýetinde hem-de ylmynda çuňňur yz galdyran geçen asyrlaryň görnükli alymlaryň we akyldarlaryň, mirasyna aýawly çemeleşmek döwletiň medeni syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe süren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän özgertmeleri biragyzdan goldaýandyklaryny beýan etdiler. Bu däpler çeýe utgaşmasynda we özleşdirilen tejribesinde umumadamzat gymmatlyklaryna eýedir. Munuň özi ruhy mirasyň ömürni uzaltmagyň täsin usulydyr.

Halkara ylmy maslahatyň jemleýji ýygnagynda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň taryhynda bürünç we demir eýýamlarynyň mirasy syrlara we soraglara baý bolan taryh ylmy üçin örän gyzykly hem-de tolgundyryjy mowzukdyr, olara jogaplary geljekde tapmaly bolar. Maslahata gatnaşyjylar bu agtaryşlarda bilelikdäki tagallalaryň alymlaryň ylma yhlasy bilen biziň ýurdumyzyň we halkymyzyň taryhynyň täsin sahypalaryny açmaga, bütin dünýäni milletimiziň gymmatly medeni-ruhy baýlygynyň genji-hazynalary bilen tanyşdyrmaga kömek etjekdigine ynam bildirdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda dünýäniň onlarça ýurdundan gelen alymlaryň myhmansöýer türkmen paýtagtynda duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin, döwlet Baştutanynyň ylmy we medeniýeti ösdürmäge, ruhy gymmatlyklaryň bitewüligi esasynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.