Ï „Halypa we şägirt“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Halypa we şägirt“

view-icon 6250
Türkmen döwlet çeperçilik Akademiýasynyň sergi zalynda geçirilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň tanymal zehinleriniň we olaryň hünärini dowam etdiriji çeperçilik Akademiýanyň talyplarynyň we uçurumlarynyň işlerini birleşdiren „Halypa we şägirt“ atly sergisi - häzirkizaman sungatynyň ösüşi baradaky özboluşly oýlanmasy boldy.


Ýaşaýşa ymtylyş, adamlara we tebigata bolan joşgunly söýgi, durmuşy hemmetaraplaýyn başyňdan geçirmek arzuwy içinden eriş-argaç bolup geçýän Annadurdy Almammedowyň ýerine ýetiren işleri serginiň üns merkezinde boldy. Suratkeşiň öz eserlerinde alamatlandyrýan bu häsiýetleri, onuň döredijiligini hemme adama düşnükli we aýdyň edýär.

Onuň ajaýyp eserleri günuň, arassa päk asmanyň, asuda zähmetiň we durmuşyň adama berýän bagtyny we şatlygyny görkezýär. Suratkeş döredijilik dünýägaraýşynyň kesgitleýji aýratynlyklaryny özüniň okuwçylaryna siňdirdi. Suratkeş olara diňe bir ussatlygyň esaslaryny öwretmän, eýsem her birinde döredijilik özboluşlylygyny ösdürmäge ýardam berýär.


Sergä gatnaşyjylar suratkeş Kamil Weliahmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň we başga-da tanymal suratkeşleriň işlerine täze dunýagaraýyş bilen seredip, olaryň şägirtleriniň döredijilik oýlanmalarynda halypa suratkeşleriň sungat sýujetlerini duýup bolýar. Temalaryň köpdürliligi, surat eserleriň ýerine ýetiriliş özboluşlylygy we aýratynlygy geň galdyrýar hem-de begendirýär. Her bir işiň ýerine ýetirilişinde suratkeşiň hususy öz aýratynlygy bolsa-da, okuwçynyň saýlap alan ähli ugurlarynda halypanyň öň bir ugrukdyran döredijilik ýoluny yzarlap bolýar.

Miwesiniň agyrlygy üçin başyny egýän nar agajynyň çekilen şahasyny görüp oňa maýyl bolanyňy duýman galýaň. Günüň ýaşyp barýan pursatlarynyň reňk öwüşgünleriniň köpdürliliginiň öňünde saklanyp bolanok. Birden hem ýoluň gyrasynda ýalňyz duran öýüň we agaçlaryň depelerini hoşlaşyp barýan şöhle ýagtylandyrýar. Şol wagt adam duýgusynda düşündirip bolmajak mylaýym tukatlygy we sessiz-üýnsüz şadyýanlygy syzýarsyň.


Heýkeltaraşlygyň ussady Saragt Babaýewiň döredijiligi çuň mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň kompozisiýalarynyň sýujetlerinde ýiti we güýçli häsiýetleri, möhüm we uly wakalary görkezmäge çalyşýanlygyny duýup bolýar. Ol häzirkizaman sungatyň akymyny özüniň döredijiliginde aýratyn ussatlyk bilen sazlaşdyrdy. Ol okuwçylaryna öz tejribesini geçirmek bilen birlikde , döredijilige watansöýüjilikli ruhubelentligi berýän we jemgyýetde ähmiýetini beýgeldýän pähimli başlangyçlaryny we öwüt-ündewlerini berýär.

Halypasynyň ussatlygy we tejribesi şägirtleriň döredijiligine täsir edýär. Oglanlar mermer, daş, bürünç we agaç bilen işleýärler. Olaryň her bir döreden heýkeli belli heýkeltaraşyň döredijiliginiň dowamy ýaly bolup dur. Talyplaryň köp eserleri häzirkizaman şäheriň landşaftyna bezeg berip bilerdi. Ýaş suratkeşleriň diplom işleri her birimiziň durmuşymyza bolan ýakynlygy bilen tapawutlanýar. W. Narbaýewiň „Toýa taýýarlyk“ atly işi baýramçylyk duýgusyna ýugrulan.

Suratkeş toýy alamatlandyrýan uly gazany we kepgiri öýüne alyp barýan iki oglanjygyň demirde suratlandyran keşbinde, türkmeniň milli däp-dessurlaryny inçelik bilen şöhlelendirdi. Ç.Amanowyň „Asuda asman“ atly eseri biziň hemmämizde çagalyk döwrümiziň ýatlamalaryny oýarýar. Her bir öýde oglanlar kepderileri saklap, olara ähli yhlaslyny siňdirýärdiler. Suratkeş bu eserde, bar işi kepderiler bilen bagly bolan, hat-da öz mekdep sapaklaryny ýatdan çykaran iki oglanjygy suratlandyrypdyr. Bu oglanjyklaryň ýüzünde ajaýyp, bagtyýar we aladasyz çagalyk duýulýar. Bu eseri synlanyňda çagalyga dolanyp, kepderileriň pasyrdap uçýan ýelginini öz ýüzüňde duýanyňy bilmän galýaň.

Saragt Babaýewiň aýtmagyna görä, okuwçylar öz mugallymyny hemişe döredijilik işjeňliginde saklaýarlar. Okuwçylaryň işiniň gowy bolmagy netijesinde, mugallymyň öz döredijiligi has batyrgaý bolup, ussatlygy diňe ösüşde bolýar. Halypalar öz şägirtlerini gowy gorýärler. Sungata, Tebigata we Ýaşaýşa bolan söýgini okuwçylaryna geçirýärler. Okuwçylar halypalaryny döredijilik üstünlikleri bilen begendirýärler. Güdogaryň „Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter“ diýen parasatly sözlerine laýyklykda, okuwçy öz halypasyndan ösüp geçse Sungat diňe şonda baky ýaşar.