Şu gün Hytaýyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna Döwlet saparyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy. Hytaýyň paýtagtynyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrülen bu çäre dünýäde iň iri taryh we sungat muzeýleriniň biriniň we HHR-iň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guran bu sergisi iki ýurtlaryň gumanitar hyzmatdaşlygynyň ösüşine uly itergi bermek bilen, bu çäräniň örän derwaýysdygynyň alamatydyr.
Serginiň açylyş dabarasyna HHR-iň we Türkmenistanyň hökümetleriniň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, habar beriş serişldeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gutlag çykyşynda bu medeni çäre biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna ägirt uly goşant goşar we Hytaýyň ilatyna hem-de onuň myhmanlaryna biziň ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga, ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýän, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanýan, zähmetsöýer, örän zehinli halky bolan ýurdy has doly göz ýetirmäge mümkinçilik berer diýip bellenildi.
Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary dabara gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler, şeýle hem olar serginiň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagynda, türkmen-hytaý medeni gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmeginde, täze Galkynyş eýýamynda öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan türkmen sungatynyň wagyz edilmeginde uly ähmiýeti bardyr diýip nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, türkmen we hytaý halklary gadymy, örän baý we özboluşly medeniýetiň, dünýä siwilizasiýasynyň hazynasynyň has-da baýlaşmagyny şertlendiren gaýtalanmajak sungat eserleriniň mirasdüşerleri bolup durýarlar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde biziň pederlerimizden galan ruhy gymmatlyga gyzyklanma örän ýokary, şeýle hem türkmen we hytaý halklary birek-biregiň medeniýetine hem-de sungatyna aýratyn gadyr goýýarlar.
120 inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylan serginiň bölümlerinde “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasy, Türkmenistanyň Baş milli we Şekillendiriş sungaty muzeýleri, şeýle hem “Türkmenatlary” Döwlet birleşigi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy öz gymmatlyklaryny we önümlerini görkezdiler.
Halk amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary, gadymy milli lybaslarymyz, bezeg şaý-sepleri we hem-de umumydünýä medeniýetiniň baý hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan hem-de milletiň buýsanjy bolup durýan bütin dünýäde meşhurlyk gazanan türkmen halylary sergä gaýtalanmajak milli öwüşgin çaýdy.
Bu ýerde nusgawy görnüşde arassa ýüňden we ýüpekden dokalan halylaryň 100-e golaýy gökezilýär. Olarda halyçylygyň gadymy däpleri, tebigy ösümlikleriň esasynda döredilen reňkleriň we haly nagyşlarynyň sazlaşygy, şeýle hem şekilleriň mazmun taýdan özboluşlylygy öz beýanyny tapypdyr. Häzirki zaman çeper haly önümleri ulgamynyň täsin gymmatlyklary sergä gelýänlerde uly täsir galdyrýar.
Häzirki döwürde zehinli halyçylarymyzyň elinden halyçylygyň gadymy däplerini we halk senetçiliginiň ýörelgelerini özünde jemleýän ajaýyp eserler kemala gelýär. Çeperçilik dokma önümleri bolan sowgatlyklar, torbalar, daşlyklar, şaý-sep goýulýan gutular, şeýle hem milli nagyşlar bilen bezelen keteniden taýýarlanylan önümler has-da göze gelüwli görnüşde goýlupdyr. Özboluşly milli medeniýetiň aýratyn gymmatlyklary bolmak bilen, bu önümler halkymyzyň baý kalbynyň gözelligini özünde jemleýär we onuň asyrlar aşyp örän aýawly saklan baý ruhy däplerini açyp görkezýär.
Özüniň görnüşi we göwrüminiň özboluşlylygy, inçe nagyşlary, reňkli daşjagazlary bilen haýran galdyrýan gadymy kümüş şaý-sepleri muzeýe gelýänlerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Türkmen zergärleriniň häzirki döwürdäki mekdebinde taýýarlanylan bezeg şaýlary hem sergide öz mynasyp ornuny tapypdyr. Olaryň arasynda türkmenleriň uly ussatlyk bilen ýasan şaý-sepleri, hususan-da, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň bezeg şaýlary görkezilýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hazynasyndan getirilen 20-den gowrak surat eserleri çeperçilik sergisiniň has köp adamly ýerine öwrüldi. Şeýle hem bu ýerde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri görkezilýär. Türkmen we tutuş gündogar edebiýatynyň nusgawy awtorlarynyň ýokary derejede neşir edilen eserleri, reňkli suratlar bilen bezelen albomlar, türkmen halkynyň baý ruhy we taryhy-medeni mirasyny beýan edýän kitaplar hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu gün şu ýerde, Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Ganatly bedewler” we “Türkmenistan—melhemler mekany” ýaly hytaý dilinde terjime edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygyny bellemek gerek.
Tutuşlygyna alnanda, serginiň oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösüşi bilen tanyşmaga, iki ýurtlaryň ylmy toparlarynyň, medeniýet işgärleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigi gürrüňsizdir.