Ï Halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagy

view-icon 610
Şu gün ABŞ-nyň paýtagtynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri açyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ABŞ-da ilkinji gezek geçirilýän bu medeni çäre iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gazanylan ylalaşyk arkaly guraldy we ol giň möçberli türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek möhüm wakadyr.

“Açyk gapylar” syýasatyny we köp ugurly halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýan Türkmenistanyň strategik we geljegi uly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Amerikaly hünärmenleriň Türkmenistanyň çäginde geçirilýän arheologik barlaglara, şeýle hem biziň ýurdumyzyň belli taryhy ýadygärliklerini dikeltmek işlerine, gadymy golýazmalaryň aýawly saklanmagyna işjeň gatnaşmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara sergileriniň, maslahatlaryň we festiwallaryň geçirilmegi biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagyny şertlendirdi. Iki halkyň medeniýetleriniň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edýän çeperçilik sergileriniň we kino günleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

Şu medeni çäre hem gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny we onuň ajaýyp mirasyny, Türkmenistanyň häzirki döwürde döredijilik ulgamynda ýeten derejesini wagyz etmek maksady bilen guralýar.

Medeni çärä gatnaşmak üçin düzüminde meşhur şahyrlar, ýazyjylar, belli artistler, opera we estrada aýdymçylary, tans toparlary, kinematografiýaçylar, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirliginiň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan ýörite wekilçilikli topar Waşingtona geldi.

ABŞ-nyň iri medeni we ylmy merkezi hem-de dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň biri bolan ABŞ-nyň Kongresler kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, ABŞ-nyň Kongresler kitaphanasynyň, Smitson institutynyň, Amerikanyň belli “Şewron” kompaniýasynyň, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekilleri, şeýle hem bu ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ABŞ-da geçirilýän Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda çykyş edenler medeni alyş-çalyşlaryň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, onuň iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny we rowaçlygyny maksat edinýändigini aýtdylar hem-de türkmen we amerikan halklarynyň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşandy bolan bu medeni çäräniň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Dabarada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen işjeň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän hem-de parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan giňden goldanylýan başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi gumanitar ulgamyň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyrýar. Hususan-da, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň resmi wekili Sýuzan Eliot öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň güýzünde Nýu-Ýorkda saparda bolan mahalynda “Metropoliten” muzeýine baryp görendigini we ol ýerde medeni gatnaşyklaryň meselelerine bagyşlanyp, “tegelek stoluň” başynda geçirilen duşuşyga gatnaşandygyny ýatlady.

Bu duşuşyk türkmen milletiniň Lideriniň türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň, tutuşlygyna alnanda bolsa halkara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gumanitar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini ýene bir ýola tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň sungatynyň wirtual galareýasyny döretmek hakyndaky başlangyjyna uly üns berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi türkmen halkynyň özboluşly döredijilik däpleriniň we medeni mirasynyň has giň we anyk beýan edilmegine mümkinçilik berer.

Amerikalylaryň biziň ýurdumyzyň häzirki zaman medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna bagyşlanan bu medeni çäre munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu waka türkmen-amerikan hyzmatldaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändiginden we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyndan nyşandyr.

Türkmenistanyň Medeniýet günlerini açylyş dabarasynda ABŞ-nyň Kongresler kitaphanasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary sowgat berildi. Kitaphananyň wekili bu sowgatlary uly hoşallyk bilen kabul edip, türkmen Liderine biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegi ugrunda goşýan goşandy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy we täze neşirleriň Türkmenistan hakynda gürrüň berýän ylmy edebiýatlaryň we beýleki çeşmeleriň saklanýan ýeri bolan ABŞ-nyň Kongresler kitaphanasynyň gaznasynda mynasyp orun eýelejekdigini aýratyn belledi.

Kongresler kitaphanasynyň zallarynyň birinde şu günki geçrilýän çäräniň barşynda ýaýbaňlandyrylan sergide şol kitaplar giňden görkezilýär. Mundan hem başga bu ýerde biziň ýurdumyzda neşir edilen we häzirki Türkmenistan, onuň ähli pudaklarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, şeýle hem türkmen halkynyň durmuşy we däp-dessurlary hakynda gürrüň berýän kitaplar görkezilýär. Medeniýet günleriniň tamamlanmagy bilen bu neşirler hem ABŞ-nyň Milli kitaphanasyna sowgat hökmünde berler.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Türkmenistanyň meşhur artistleri amerikaly dostlary üçin milli saz mirasymyz, folklor döredijiligimiz we türkmen nusgawy hem-de estrada eserleri esasynda özboluşly gyzykly medeni maksatnama taýýarlapdyrlar. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda biziň ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylarda uly täsir galdyran, täsin heňli halk aýdymlary ýaňlandy. Türkmeniň meşhur kompozitory Nury Halmämmedowyň döreden saz eserleriniň ýaňlanmagy tomaşalarda has-da uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň ABŞ-da geçirilýän Medeniýet günleriniň maksatnamasynda sergiler, we döredijilik duşuşyklary hem bar. Olar Amerikanyň giň jemgyýetçiligini täze Galkynyş eýýamynda ösüş ýoluna ymykly gadam goýan häzirki zaman türkmen milli medeniýetiniň özboluşlylygy bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem bu ýerde Nurmyrat Saryhanowyň eseri esasynda surata düşürilen we milli kino sungatymyzda görnükli orun eýelän meşhur “Şükür bagşy” filminiň uly gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir.

Ertir Türkmenistanyň ABŞ-da geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde “Meridian” halkara merkezinde Türkmenistanyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserlerinden ybarat bolan serginiň açylyş dabarasy bolar. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agazalary Waşingtonyň iri medeniýet merkezlerine baryp görerler hem-de ABŞ-nyň paýtagtynyň taryhy we binagärlik ýadygärlikleri bilen tanşarlar.