Ï Hasyllylygyň mukaddes alamaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyllylygyň mukaddes alamaty

view-icon 1449
Türkmeniň ekerançylyk bilen bagly däp-dessurlary we ynançlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden bäri alyp gaýdýar. Topragy bejermek, ony ekişe taýýarlamak, ekmek, suwarmak we ondan hasyl almak hemişe hudaý halar we hormatly kär hasaplanypdyr. Hut şonuň üçin hem türkmenler ýere yhlas bilen seredip, ony ene-toprak diýip atlandyrypdyrlar.

Otparazçylyk dini döwründe-de „Awesta“ laýyklykda Anahita hasyllylygyň hudaýy hasaplanypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerden Anahita hudaýynyň tapylan köp sanly şekilleri ekerançylaryň arasynda Anahitanyň meşhur bolanlygyny aňladýar.


Oba hojalygyň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, ekerançylyga hem adatdan daşary täsin gelip çykyşy bardyr , ýagny hudaýy bar diýlip hasaplanýardy. Bu hyýaly hudaý Baba-Daýhandy. Türkmenler hem Merkezi Aziýanyň beýleki halklary ýaly, bu pire sežde edip, hemme oba hojalyk bilen baglanyşykly däp-dessurlary Baba-Daýhan pire bagyşlapdyrlar. Onuň ady sürümde, ekişde, orak we ýygym möwsüminde, hat-da ilkinji çörek ýapylyp saçaga äberilende hem ýatlanypdyr.

Dini garaýyşdan alanymyzda daýhançylygyň esasy işleri hasaplanylýan sürümde we ekişde bu ynançlara has jogapkärli çemeleşilýärdi. Gadymy däp -dessura laýyklykda bu işi hormata mynasyp bolan ýaşulular başlamaly. Adamlar köp ýaşan, köpi gören we köp zurýady bolan ýaşulularyň üýtgeşik güýji bolup, hasyllylyga öz täsirini ýetirip bilerler diýip ynanýardylar. Ýaşulularyň ýokary adamkärçiligi we olaryň erkiniň güýji täsin ýol bilen hasyllylyga täsir edipdir. Şunuň ýaly işlere ýaşulular pata beripdir.

Çörek türkmenlerde gadymdan bäri mukaddes hasaplanypdyr. Çörek taýýarlanýança ençeme däp-dessurlara uýlupdyr. Çörege bolan beýle garaýşy onuň daýhanyň esasy iýmiti bolanlygy üçin diýip düşündirip bolýar.


Çörege degişli bolan däp-dessurlar gadymdan bäri bellidir. Türkmenlerde çörek täsin güýçlerden, gözden-dilden goraýan doga diýlip hasaplanypdyr. Çaga gije arkaýyn uklar ýaly we erbet düýşleri görmezligi üçin çöregiň bir döwümini onuň ýassygynyň aşagyna salypdyrlar. Uzak ýerlere ýolagçy bolanlarynda çöregi ýany bilen alypdyrlar we ony öz Watany bilen birikdirýän arbaglanyşyk diýip hasaplapdyrlar.

Türkmeniň adatlaryna laýyklykda çöregiň üstünden ätlemeli däl, oda we ýere zyňmaly däl. Halkyň adatyna görä çöregi kesmeli däl-de döwüp, onda-da iki eliň bilen döwüp iýmeli. Çöregi çep eliňde saklamaly däl we onuň ýüzüni aşak edip goýmaly däl.

Çörege hormat goýuşy ýaly türkmeniň tamdyrynyň hem hormaty aýratyndyr. Rowaýatlara görä tamdyryň töweregine jyn-arwahlar baryp bilmeýär. Asla türkmen öz tamdyryny hemişe mukaddes saýypdyr we ony ýykmaklygy uly günä hasaplapdyr. Obada tamdyrlaryň az bolmagy bu obanyň agzybirliginden habar beripdir. Sebäbi olar bile çörek bişiripdirler. Duşmanlar şunuň ýaly obalara çozmakdan gaça durupdyr. Bir tamdyrda çörek bişirýän adamlar, duşmana garşy hem bile çykjaklary bellidi.

Köp aglaýan çagany tamdyryň daşyndan üç gezek aýlamaklyk däp bolupdyr we bu däp hökman kömek eder diýip ynanylypdyr. Çagasyz zenanlar uly çörekleriň ýanyndan maşgalada çaga bolar diýen ynama eýerip, tamdyra külçe ýapypdyrlar.

Türkmenler mele-myssyk çöregini ýörite ýüňden dokalan saçakda saklapdyrlar. Nahar wagty tamamlanandan soň saçak emaý bilen eplenip ýygnalypdyr. Eger-de saçak açyk galsa onda onuň yrsgaly kemelýär diýlip, ondan ätläp geçmek bolsa uly günä diýlip hasaplanypdyr.

Şu döwürlerde hem hamyr ýugurmak üçin ýörite kendirikler ulanylýar. Kendirik dörtburç görnüşinde bolup, ýörite gaty ak matadan taýýarlanypdyr. Kendirik gylyç diýlip atlandyrylýan guralyň kömegi bilen dokalypdyr. Has ir döwürlerde kendirik geçiniň ýa-da goýunyň derilerinden ýasalyp, ol sanaç diýlip atlandyrylypdyr. Käbir maşgalalarda kendirigiň daşyna gözden dilden gorar ýaly düýe ýüňden işilen ýüpler tikilipdir. Uny ilki kendirikde elek bilen eläp, soň hamyr ýugurýardylar.