ABŞ-nyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär.
Düýn ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynda bolan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we onuň çäklerinde geçirilen çäreler amerikan paýtagtynyň giň jemgyýetçiliginiň, ilatynyň we myhmanlarynyň şu medeni çärä ünsüni çekdi. Düýn şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň ABŞ-nyň Milli kitaphanasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy, onuň barşynda medeniýet babatda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň dürli ugurlary döredijilik, ylmy we edebi, şeýle hem kitaphanalaryň ugry boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň “Dünýäniň sanly kitaphanasy” atly iri möçberli taslama birikdirilmegi baradaky teklibi aýtdylar.
Birnäçe ýyl mundan öň ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynyň Internet ulgamynyň binýadynda dünýä medeniýetiniň genji-hazynalaryna ýeňillik bilen aralaşyp bolýan toplumy döretmek baradaky başlangyjy UNESKO tarapyndan goldanyldy, munuň halklaryň arasyndaky medeni taýdan özara düşünişmegi ykrar etjek we döredijilik däpleriniň köpdürlüligini höweslendirjek şu taslamany durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýeti boldy. 2009-njy ýylyň aprelinde global ulgamda “Dünýäniň sanly kitaphanasy” açyldy we häzirki wagtda onuň serişdeleriniň üstüniň ýetirilmegi dowam edýär. Şunda ony döredijiler ilkinji çeşmelere, hususan-da, golýazmalara, kartalara, seýrek duş gelýän kitaplara, filmlere, suratlara, fotosuratlara we beýlekilere aýratyn üns berýärler.
Şunuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynyň ýolbaşçylary giň möçberli Internet-kitaphananyň gaznasyny giňeltmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirdiler, çünki biziň ýurdumyz özboluşly we nesiller üçin aýawly saklanylýan medeni baýlyga eýedir, ol diňe tutuş dünýäniň alymlarynyň däl-de, eýsem, sungat we milli medeniýetiň taryhy bilen gyzyklanýan adamlaryň hem ünsüni çekýär.
Düýn agşam görnükli türkmen kompozitorlarynyň eserlerini, milli operamyzyň nusgawy eserlerini, şeýle hem halk döredijiliginiň aýdym-saz-horegrafiýa çykyşlaryny hem-de häzirki zaman estrada aýdymlaryny hödürlän Türkmenistanyň meşhur artistleriniň konsertine ýygnanan köp sanly tomaşaçylar hem türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyna we milli aýratynlygyna haýran galdylar, şol çykyşlar özboluşly öwüşginleri bilen tapawutlanýar.
Türkmen halk sazynyň çuňňur özboluşlylygy, dutaryň gaýtalanmajak owazy, ýerine ýetirijilik ussatlygy we başarnygy bilen diňleýjileri haýran galdyran türkmen bagşylarynyň çykyşlary amerikan mähellesinde aýratyn täsir galdyrdy.
Şu gün ABŞ-daky Türkmenistanyň medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde amerikan paýtagtynyň meşhur medeni we işewür merkezi bolan “Meridian” halkara merkezinde eziz Watanymyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasynda çykyş eden belent mertebeli myhmanlaryň belleýşi ýaly, bu sergi, şeýle hem tutuşlygyna ABŞ-daky Türkmenistanyň Medeniýet günleri medeniýetleriň we halklaryň ynanyşmak gatnaşyklaryna şübhesiz itergi berer , amerikanlylaryň köpüsine, şeýle hem beýleki ýurtlardan bolan tomaşaçylara biziň ýurdumyzyň taryhyny we medeniýetini ýakyndan bilmäge, sahy, myhmansöýer, zähmetsöýer we başarjaň halk ýaşaýan ajaýyp ülkäni özleri üçin açmaga hem-de söýmäge mümkinçilik berer.
Biziň halkymyzyň zähmetsöýerligini we başarnygyny köp öwüşgünli sergi nusgalary aýdyň tassyklady, Türkmensitanyň Baş milli muzeýiniň gymmatlyklary: ajaýyp haly we zergärçilik önümleri, ussatlyk bilen tikilen el işleriniň nusgalary we beýleki zatlar, şeýle hem häzirki zaman görnükli suratkeşleriniň we amaly-haşam döredijiliginiň ussatlarynyň biziň ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan hödürlenen işleri onuň düzümine girdi.
Meşhur türkmen sazandalarynyň çykyşlary serginiň açylyşyna ajaýyp äheň we baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Milli mukamlar dörediji türkmen halkynyň sungaty bilen içgin tanyşmaga oňat ýardam edýär.
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde duşuşygy hem meýilleşdirildi, şol duşuşygyň maksady gumanitar ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, döredijilik hem-de ylmy alyş-çalyşlary, bilelikdäki medeni taslamalary işläp taýýarlamak meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirmekden ybaratdyr.
Ertir ABŞ-daky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasynda biziň ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň Merilend uniwersitetine baryp görmegi göz öňünde tutuldy, şonda türkmen artistleri bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň aýdym-saz fakultetiniň talyplary hem-de mugallymlary bilen duşuşarlar we şol ýerde konsert bererler.
Mundan başga hem türkmen sazandalarynyň agşam Kennedi adyndaky medeniýet merkezinde estrada maksatnamasy bilen ýene-de bir çykyşy meýilleşdirildi.
Türkmenistanlylaryň Waşingtonyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmaklary hem dowam eder, biziň ýurdumyzyň wekilleri Smitson institutynyň muzeýine baryp görerler, şeýle hem Jon Hopkins uniwersitetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynda bolarlar.