Ï Medeniýet ugrunda gatnaşyklar: halklary we yklymlary birleşdirip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet ugrunda gatnaşyklar: halklary we yklymlary birleşdirip

view-icon 1131
Amerikanyň paýtagtynda ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. Uly üstünlik bilen geçen şol günler köp sanly tomaşaçylaryň ägirt uly ünsüni çekdi we dostlugyň, döredijiligiň hem-de ruhubelentligiň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Medeniýet günleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan täsirli çäreleriň biri boldy. Bu care iki döwletiň strategiki hyzmatdaşlygyny hem-de taraplaryň ynanyşmaga we özara düşünişmäge meýliniň, öz halklarynyň medeniýeti we durmuşy bilen birek-biregi içgin tanyşdyrmak isleginiň subutnamasy boldy .

Medeniýet günleriniň maksatnamasy döredijilige degişli çärelerden: konsertlerden, sergilerden başga hem işewür duşuşyklary we maslahatlaşmalary hem özünde jemledi. Mysal üçin, düýn türkmen wekiliýetiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde kabul edildi. Barha giň gerime eýe bolýan köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri söhbetdeşligiň mazmunyny düzdi.

Duşuşygyň barşynda, medeni gymmatlyklary gorap saklamak we ösdürmek ulgamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň milli medeniýetimizi täze derejä çykarmaga hem-de ýurdumyzyň we türkmen halkynyň häzirki keşbini dünýä giňişliginde ykrar etmäge ep-esli itergi berendigi nygtaldy. Bu babatda şu iri möçberli çäräniň ähmiýeti bellenip geçildi, onuň esasy maksady bolsa amerikanlylary türkmen halkynyň baý taryhy-milli mirasy hem-de biziň ýurdumyzyň häzirki zaman sungaty bilen has ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen nygtap, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny we hususan-da, muzeý hem-de kitaphana işini ösdürmek babatdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky pikiri aýtdylar. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek boýunça taslamalara amerikan alymlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün agşam “Meridian” halkara merkezinde Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylmagy mynasybetli resmi kabul edişlik boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatiki gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň hormatyna dabara gatnaşyjylara Gutlagy okaldy.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, 20 ýyl mundan ozal dünýäniň kartasynda garaşsyz döwlet hökmünde dörän Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, bütin dünýäde hem ykdysady we medeni-ruhy ulgamlarda ajaýyp ýeňişleri bilen giňden bellidir. ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem 2012-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hem medeni-gumanitar ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşine şaýatlyk edýär.

Baş milli muzeýimizden, Şekillendiriş sungaty muzeýimizden hödürlenen, milli döredijilik däplerimiziň baýlygy hakynda gürrüň berýän gymmatlyklardan ybarat bolan sergi hem amerikanlylaryň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmen sungaty bilen tanyşmaga gelen köp sanly myhmanlara gadymy döwürlerden bäri biziň günlerimize çenli milli-amaly we şekillendiriş sungatymyzyň ösüşini beýan edýän özboluşly toplum hödürlendi. Nepis haly önümleri we milli egin-eşikleriň nusgalary, halk saz gurallary, şeýle hem zergärçilik önümleri tomaşaçylaryň aýratyn üns bermegine mynasyp boldy, şolarda türkmen zergärleriniň köp asyrlyk sungaty we köpdürli bezeg hem-de tehniki usullara erk etmek ussatlygy öz beýanyny tapdy. Nepis haly önümleri bu ýere gelenlerde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Halylar türkmenleriň özboluşly milli medeniýetiniň ösüşiniň maddy subutnamasy bolmak bilen, biziň halkymyzyň kalbynyň owadanlygyny hem-de giňligini, onuň baý ruhu däplerini hem-de asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp gelnen özboluşly urp-adatlaryny özünde jemledi.

Bu ýerde Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti barada gürrüň berýän metbugat neşirleri hem görkezildi. Kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri aýratyn orny eýeledi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň barşynda ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasyna türkmen döwletiniň Baştutanynyň kitaplarynyň sowgat berlendigini ýatlap geçmek gerek. Kitaphananyň ýolbaşçylary bu sowgady höwes bilen kabul edip, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin türkmen Liderine çäksiz hoşallyk bildirip, täze neşirleriň ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň gaznasynda mynasyp orny eýelejekdigini, şol ýerde Türkmenistan hakyndaky ylmy, edebiýat we beýleki çeşmeleriň uly ýygyndysynyň bardygyny aýratyn nygtadylar.

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde Waşingtonda ABŞ-nyň iri okuw mekdepleriniň biri bolan Merilend uniwersitetinde biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň amerikan kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy boldy.

Bu uniwersitet 150 ýyldan gowrak wagt mundan ozal esaslandyryldy we häzirki wagtda dürli kollejleriň hem-de mekdepleriň 13-sini, şol sanda binagärlik, žurnalistika, sungat we gumanitar ylymlar, aýdym-saz kollejlerini we mekdeplerini özünde jemleýär. Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bolan türkmen artistleri sungat babatda geljekki bakalawrlar hem-de magistrler we olaryň mugallymlary bilen duşuşdylar.

Uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň ildeşlerimizi ýürekdeş we mähirli kabul etmegi bada-bat ýakymly dostluk ýagdaýyny döretdi, şonda erkin söhbetdeşlik boldy. Amerikan talyplary myhmanlardan Türkmenistanyň medeni-durmuşy, ýurduň döredijilik ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ulgamy, aýdym-saz, tanslar, şekillendiriş sungaty, binagärlik we teatr bilen baglanyşykly milli däpler barada uly gyzyklanma bilen soradylar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň täze ösüşe eýe bolandygyny gürrüň berdiler. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli opera gaýtadan dikeldildi, simfoniki saz, sirk sungaty täze itergi aldy. Iri şäherlerde muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň ajaýyp binalary guruldy, hemme ýerde çagalar sungat mekdepleri açylýar.

Türkmenistan edebi we ruhy miras boýunça halkara aýdym-saz, halk döredijiligi hem-de teatr bäsleşikleriň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň geçirilýän ykrar edilen merkezine öwrüldi, şolara ABŞ-dan gelen wekiller hem gatnaşýarlar. Meşhur amerikan ýerine ýetirijileriniň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, amerikan kinosynyň günleri we beýleki bilelikdäki çäreler uly üstünlik bilen geçirilýär.

ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri gumanitar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň nyşany hökmünde bu sanawa girer. Merilend uniwersitetinde bilim alýanlaryň belleýşi ýaly, türkmen Medeniýetiniň günleri hem-de duşuşyk amerikalylar üçin häzirki Türkmenistan we onuň medeniýeti barada has ýakyndan bilmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Medeniýetiň, sungatyň dili umumy dildir, halk diplomatiýasynyň dilidir. Şol dilde halklar biri-biri bilen erkin sözleşip bilerler, birek-biregiň arasynda alys aralyklar bar hem bolsa, aýdym-sazyň şirinligi, tansyň täsirliligi, başarnyk hem-de ruhubelentlik dürli medeniýetleri bolan adamlary ruhy taýdan ýakynlaşdyrmaga ukyplydyr. Şular ýaly çäreler dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrýar, biziň medeni taýdan tapawudymyz bolsa diňe özara ýakynlaşmagyň hem-de gyzyklanmagyň şertine öwrülýär.

ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň tamamlaýjy konsertinde türkmen artistleriniň çykyşy munuň tassyklanmasy boldy, şol konserte “Serdara serpaý” halk döredijiligi-etnografiýa topary hem-de beýleki meşhur tans toparlary, giňden tanalýan halk sazandalary we ýerine ýetirijileri, Türkmenistanyň opera we estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Kalplara aralaşýan milli mukamlar, joşgunly türkmen tanslary sahna ussatlarynyň başarnygyna mynasyp baha beren amerikan tomaşaçylaryny çäksiz tolgundyrdy. Ýerine ýetirijileriň owadan milli lybaslary milli aýdym-saz sungatymyzyň täsirliligini has-da artdyrdy. Maýyl bolan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary uzak wagtlap köşeşmedi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Merilend uniwersitetiniň talyplary hem-de mugallymlary bilen eýýäm hoşniýetli we öňden gelýän dostlar hökmünde täze duşuşyklara umyt baglap hoşlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen wekiliýetiniň agzalaryna ajaýyp konsert hem-de Türkmenistanyň baý medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga, özleri üçin şol medeniýetiň özboluşly dünýäsini we gaýtalanmajak öwüşginini açmaga mümkinçilik döredendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şu gün türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Jon Hopkins uniwersitetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz institutyna ýolbaşçylyk edýän professor, syýasy ylymlaryň doktory Stiwen Frederik Starr bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada gyzyklanylyp pikir alşyldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary jenap F.Starry häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda geçirilýän milli özgertmeler, şol sanda medeniýet ulgamynda özgertmeler maksatnamalarynyň netijeleri bilen tanyşdyrdylar.

Professor Frederik Starr türkmen döwletiniň Baştutanynyň amala aşyrýan syýasatyna we hususan-da, türkmen Lideriniň parahatçylygy üpjün ediji oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berip, amerikan tarapynyň bilelikdäki gumanitar taslamalara işjeň gatnaşmaga çalyşýandygyny, munuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigini aýtdy.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary ABŞ-da bolmaklarynyň maksatnamalarynyň çäklerinde Waşingtonyň iri muzeýlerine, şol sanda Smitson institutynyň ulgamyna girýän Kosmonawtika muzeýine we Amerikanyň taryhy muzeýine, şeýle hem Kennedi adyndaky Medeniýet merkezine hem baryp gördüler we Amerikanyň paýtagtynyň ajaýyp taryhy we binagärlik ýerleri bilen tanyşdylar.

ABŞ-da tamamlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleri örän uly ajaýyp täsirleri eçildi hem-de amerikan halkyna türkmenleriň baý taryhy medeni mirasyny, özleri üçin biziň ýurdumyzyň milli medeniýetiniň özboluşly dünýäsini hem-de gaýtalanmajak öwüşginini açmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Medeniýet günleri amerikan tomaşaçylary üçin ýatda galýan waka bolmak bilen bir hatarda, iki ýurduň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, halklarynyň, aýratyn hem ýaş nesliň wekilleriniň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň çuňlaşmagyna tarap ýene-de bir ädilen ädim boldy. Munuň özi türkmen-amerikan medeni hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze badalga bolup, hyzmat eder.