Ï Türkmenistan—ABŞ: parahatçylygyň we medeniýetiň diplomatiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan—ABŞ: parahatçylygyň we medeniýetiň diplomatiýasy

view-icon 813
Köp ugurlara degişli dürli möçberdäki we derejedäki wakalar, taraplaryň hoşmeýilliligi arkaly bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň amala aşyrylmagy arkaly baý many-mazmuna eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň senenamasynda täze sahypa açyldy we ol möhüm ähmiýetli waka—iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bilen başlanýar. Bu sene aýratyn möhüm ähmiýete eýedir: ýaş garaşsyz türkmen döwletiniň berkarar edilen döwrüne barabar möhletde uly ýol geçildi, şu döwürde ýurdumyz dünýä bileleşigine deňhukukly we mynasyp hyzmatdaş hhökmünde goşuldy, türkmen ykdysadyýeti täsin galdyrýan ösüşe eýe boldy we şol ösüş ýurdumyzda durmuş, ykdysady taýdan uly möçberli we demokratik özgertmelere beslendi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda ösdürýärler, onuň mümkinçiliklerini artdyrýarlar we halkara derejesindäki işler boýunça özara arkalaşykly hereket edýärler. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda özara arkalaşykly hereket etmek arkaly ep-esli tejribe toplandy. Batly depgin bilen täzelenýän türkmen topragy ABŞ-daky giň jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär, halkymyz özüniň häzirki bagtyýar durmuşyny we geljegini gurýar, şunda tutuş dünýäniň ünsüni çekýän uly işler amala aşyrylýar, şol özgertmeler ykdysady kuwwatyň artdyrylmagyna, medeniýetiň ösdürilmegine, durmuş taýdan rowaçlyk gazanmaga mümkinçilik berýär.


Ýurdumyzda ýa-da okeanyň aňyrsynda geçirilýän bilelikdäki çäreler şol gyzyklanmanyň artmagyna degerli derejede ýardam berýär, şeýle hem bu gyzyklanma Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan syýasaty, ynsanperwerlige mahsus ruhubelentligi ileri tutup, iş ýüzünde berkarar edýär. Aşgabatda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasynyň Merkezi Aziýada durmuşa geçirilmegine bagyşlanan halkara duşuşygyna ýokary derejedäki wekilleriň gatnaşmagy muňa mysal bolup biler.

Şol bir wagtyň özünde Waşingtonda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär, bu çäre halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagy, medeniýetleriň gatnaşygy, umumy adamzat gymmatlyklary arkaly döwletara gatnaşyklarynda ynsanyň sarpasynyň ileri tutulmagyna ýardam bermelidir. Şol Günleriň çäklerinde geçirilýän çärelere—döredijilik duşuşyklaryna, konsertlere, sergilere gatnaşyjylary, myhmanlary we tomaşaçylary hut şunuň ýaly ýürekdeşlige, mähirlilige, göwnaçyklyga we birek-birege ynam bildirilmegine mahsus ýagdaý gurşap alýar, bu çäreler amerikan halkynda uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistan barada Smitson instituty (ABŞ, Waşington) tarapyndan taýýarlanan täze neşir şu wakalara gabatlanyp çap edildi, ol türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna, şeýle hem türkmen-amerikan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanypdyr.

Bezegli albom-neşir “Türkmenistan: gadymy sungatlar şu günlerde” diýlip atlandyrylýar hem-de ýörite Türkmen medeniýetiniň günlerine gabatlanyp çap edildi. Şol çäräniň çäklerinde häzirki wagtda Waşingtonda bolýan köp sanly uly türkmen wekiliýetiniň agzalaryna ABŞ-nyň bu gadymy we iri ylmy-barlag hem-de medeniýet merkezleriniň biriniň işi bilen tanyşmaga amatly mümkinçilik döredildi.

Smitson instituty dünýäde iri muzeý toplumy hökmünde bellidir. Ol ylmy we bilim edaralaryndan, köp sanly ylmy-barlag merkezlerinden we kitaphanalardan başga-da, muzeýleriň we galereýalaryň 19-syny özünde jemleýär, bu ýerlerde tebigat ylymlary, taryh, etnografiýa, sungat, halk döredijiligi we beýlekiler boýunça gymmatlyklaryň 142 milliony saklanylýar.

Däp bolşy ýaly, Smitson institutyna ABŞ-nyň Prezidenti ýolbaşçylyk edýär. Edaranyň hormatly geňeşine ABŞ-nyň wise-prezidenti we döwlet sekretary, ministrler we beýleki resmi adamlar girýar. Institut ylmy işleri we monografiýalary, populýar we döwürleýin edebiýaty çap etmek arkaly neşirýat işini hem alyp barýar.

Hususan-da, Türkmenistanyň sungaty baradaky iş Aziýanyň medeniýetiniň taryhy boýunça maksatnamanyň çäklerinde alnyp baryldy. Albomy düzüjiler antiki döwürlerden başlap, biziň günlerimize çenli türkmen medeniýetinde döredijilik däpleriniň ösdürilişine, aýawly saklanyşyna we nesilden-nesle geçişine, häzirki döwürde milli mirasyň düşündirilişine we onuň jemgyýetiň ruhy durmuşyndaky ornuna aýratyn üns berdiler.

Neşir özboluşly ugur görkeziji bolup okyjyny türkmen halkynyň binagärligine, sazyna, suratkeşligine, heýkeltaraşlygyna, amaly-haşam sungatyna we çeperçilik senetlerine degişli dünýäsine aralaşmaga çagyrýar. Kitap “Türkmenistan şu günde: geçmiş häzirki döwre ylham berýär” atly giriş makalasy bilen açylýar, şonda biziň ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň esasy taryhy merkezleriniň biri hökmünde görkezilýär, onuň özboluşly medeniýeti hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlyk etmeginde halkymyzyň gymmatly taryhy-medeni genji-hazynasyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada düşünje berilýär.

Soňra gysgaça taryhy syn berlip, onda asyrlaryň jümmüşine aralaşmak arkaly türkmen döwletliliginiň gözbaşlary, Gündogaryň medeniýetine hem-de çeperçilik oý-pikirlerine öz täsirini ýetiren milli sungatyň we döredijilik mekdepleriniň döreýşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

Aýry-aýry bölümlerde türkmenleriň saz sungatynyň gadymy ýörelgeleri we özboluşly aýratynlyklary, milli saz gurallary hem-de ýerine ýetiriji bagşy-sazandalar, Türkmenistanyň muzeýleri we olaryň täsin gymmatlyklary şeýle hem şu günki Türkmenistanyň medeni durmuşy barada gürrüň berilýär.

Neşir Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň we şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznalaryndaky gymmatlyklaryň surata düşürilen nusgalary bilen bezelipdir. Şunda täsin galdyrýan halyçylyk önümleri ýerleşdirilipdir, bular milli sungatyň baýlygyny we nagyşlar arkaly beýan edilýän nepisligini, türkmen halyçylarynyň özboluşly ussatlygyny, türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň özboluşlylygyny görkezýär.

Galyberse-de, neşirde ýurdumyzyň taryhy we arheologik ýadygärlikleriniň, orta asyrlardaky binagärlige degişli ajaýyp ýadygärlikleriň suratlary, şeýle hem arhiwdäki seýrek suratlar ulanylypdyr. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini, täze belent binalaryny, uly heýkellerini we suw çüwdürimlerini, türkmenistanlylaryň milli baýramçylyklaryny, ajaýyp milli adatlary we däp-dessuplary beýan edýän suratlar Türkmenistanyň sungatlarynyň taryhy baradaky söhbediň üstüni ýetirýär.

Täze neşir giň köpçülik üçin niýetlenip, amerikan we tutuş iňlis dilinde gürleýän okyjylaryň, türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen içgin gyzyklanýanlaryň ählisi, şol sanda şu günler iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ABŞ-da geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň Waşingtonda guralan sergisine gelenler üçin ajaýyp sowgat boldy.