Ï “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

view-icon 805
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň üçünji sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2011-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen 66-njy mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz şol çykyşynda özüniň uzak möhletleýin parahatçylygy we strategik durnuklylygy üpjün etmäge, syýasatda, ykdysadyýetde, gumanitar ulgamda halkara gatnaşyklarynyň durnukly we şol bir wagtyň özünde çeýe we deň agramly häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyny döretmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgelerini beýan etdi. Türkmen Lideri BMG-niň işi we ählumumy derejede häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň täze başlangyçlary barada hem durup geçdi.

Žurnalda şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ruhmana güni we Ruhnama kitabynyň döredilmeginiň on ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna, şeýle hem şu şanly senä gabatlanyp geçirilen “Täze Galkynyş eýýamynda milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň sazlaşygy” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara Gutlaglary çap edilýär.

Žurnalyň “ Täze açyşlar we işläp düzmeler” diýen bölüminde okyýjylar professor A.A.Burhanowyň (Russiýa) “Amyderýanyň orta akymyndaky kenaryň çeper medeniýeti hakynda täze maglumatlar” atly makalasy bilen tanyşyp bilerler. Şol makalada Lebap welaýatynyň ýadygärliklerinde geçirilen gazuw – agtaryş işleri mahaly tapylan ownajyk terrakot heýekli seljerilýär. Şol bölümde O.A.Tedmurynyň (Liwan) “Liwanda ýaşaýan türkmenleriň medeni aýratynlyklary” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda bu Ýakyn Gündogar döwletinde Osman imperiýasy döwründen bäri ýaşaýan, giňden mälim bolmadyk türkmenleriň toparlary barada gürrüň berilýär. Taryh ylymlarynyň doktory H.Ýusubow (Türkmenistan) özüniň makalasyny adamzat siwilizasiýasynyň gözbaşlaryna we dürli geologik eýýamlarda dünýäniň klimatynyň oňa eden täsiri barada gürrüň berýär.


Žurnalyň beýleki bir “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” diýen bölüminde M.M.Baýatyň (Yrak) türki halklaryň beýik şahyry Fizuli el –Bagdady (1480-1555) bilen baglanyşykly täze maglumatlar barada gürrüň berýän makalasy ýerleşdirilipdir. Ol şahyryň döredejilik mirasynyň baryp geçen asyrlarda onuň Watanynyň çäginden çykandygyny we dünýä edebiýatynyň gymmatlygyna öwrülendigini, käbir edebiýatçylaryň bolsa ony Gündogaryň Şekspiri diýip häsiýetlendirendigini belleýär. Şol bölümde hem M.Öwlüýägulyýewanyň (Türkmenistan) “XVIII asyr türkmen edebiýatynda “Kesikbaş” ýordumy” atly makalasy ýerleşdirlipdir. Bu makala Owşar Kasymyň we Magtymgulynyň döredejiliginde sopuçylyk äheňlerine bagyşlanýar. Fiologiýa ylymlarynyň kandidaty M.Mämmedow (Azerbaýjan) özüniň “Mifologik aň –düşünjede ok-ýaýyň orny” diýen makalasynda okdur ýaýyň uruşlarda we aw awlanan mahaly uly ähmiýete eýe bolmagy olaryň häkimiýetiň, diplomatiýanyň, aýrylmaz alamatlaryň, dini däp-dessurlaryň nyşany hökmünde ulanylmagyna getiripdir diýip ýazýar. Ylmy işgär A.Gurbanow (Türkmenistan) täze eýýamyň ilkinji asyrlarynda Merkezi Aziýada mekan tutan we V asyrda öz döwletini döreden eftalylaryň gelip çykyşynyň taryhy baradaky meseläni gozgaýar. Awtoryň pikirine görä, owgan we türkmen abdallary eftalylaryň nesilleridir.

Žurnalynyň şu sanynyň ahyrynda, däp bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň iýul – sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuş wakalaryna syn berilýär. Hemişe bolşy ýaly, žurnal orta asyr we häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri, seýrek duş gelýän arhiw fotosuratlary we suratlar bilen bezelipdir.