Türkmenistanyň Bitarplygy öz gelip çykyşy babatynda hemmeler tarapyndan ykrar edilen, gurluşy boýunça-hemişelik, maksadyna laýyklykda hoşniýetli we konstruktiwdir. Bu bolsa döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde we parahatçylygy goldamakda, bütin dünýäde durnukly ösüşi saklamakda bitarap döwletiň işjeňliginiň esasydyr. Birleşen milletler Guramasynyň 66-njy sessiýasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bitaraplyk derejäniň hoşniýetlilik ugrunyň „ösüş arkaly parahatçylyk“ esasyndan gelip çykýan Türkmenistanyň maksatlaryny gysgaça kesgitläp, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň öňki sessiýalarynda hödürlenen başlangyçlaryň logiki dowamyny beýan edip şu nukdaýnazardan birnäçe täze başlangyçlary teklip etdi.
Şeýlelik-de Türkmenistan halkara gatnaşyklaryň we halkara hukugynyň ösüşine öz saldamly goşandyny goşýar. Mundan başga-da deňeşdirme derňewler Türkmenistanyň bitaraplyk maksatlarynyň BMG müňýyllyk ösüşiň maksatlary bilen umumydygyny we olaryň adamkärçilik ölçeglerinden gelip çykýan parahatçylyk we durnukly ösüşe gönükdirilendigini görkezýär. Şeýle-de bu barada biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlary we olary durmuşa geçirmegiň çäreleri şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň geosyýasy ýerleşişi we hoşniýetli bitaraplyk syýasatynyň işjeň durmuşa geçirilişi ýurduň sebit we global derejede möhüm ornuny şertlendirýär. Türkmen bitaraplygynyň täze modeli halkara hukuk ulgamynda gazanan üstünligi, geosyýasy gyzyklanmalaryň utgaşmasynyň mehanizmi, konstruktiw esaslarda gepleşikleri ýola goýmak we sebitara durnuklylygy berkitmek boýunça möhüm faktory boldy.
Häzirkizaman hoşniýetli bitarplyk syýasatynyň esasy we düýpli düzgünlerini Türkmenistanyň Hormatly Prezidedenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň täze okuw binasynyň açylyş dabarasynda: „parahatçylygy söýüjilik beýleki ýurtlaryň işine gatyşmazlyk olaryň özygtyýarlygyna we çäk bitewüliligine hormat goýmak halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk“, diýen sözlerinde aýdyň açyp görkezdi.
Ýurduň bitaraplyk syýasatynyň baş ýörelgesi, dünýä medeniýetiň gumanitar meselelerini öz içine alýanlygy üçin özboluşlydyr. Ýagny demokratiýa, hususy eýeçilik, bazar ykdysadyýeti, adam hukuklary we azatlyklary onuň düzüm bölekleri bolup durýar. Bu ýörelge milli we dünýä medeniýeti bilen sazlaşykly utgaşýanlygy bilen häsiýetlendirilýär. Halkyň medeni mirasyna bolan aýratyn üns milli kanunçylygyň we halkara kadalaryň maksatlary we wezipeleri bilen gabat gelýär. Türkmenistan 2011-nji ýylyň 4-nji awgustynda Birleşen Milletler guramasynyň bilim, ylym we medeniýet guramasynyň maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyny ratifisirledi.
XXI asyr ylym we bilim ulgamyndaky özgertmeler, innowasiýalar bilen ýakyndan baglydyr. Şoňa görä-de Türkmenistanyň saýlap alan, ösüşiň innowasion modeliniň esasynda ylma we bilime täze çemeleşmeleri ösdürmeklik bolup durýar. Ylma we bilime halkara standartlary ornaşdyryp, ýurdumyz BMG-sy, Ýewropa Bileleşigi, beýleki döwletleriň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Hemme daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen konstruktiw we ikitaraplaýyn bähbitli aragatnaşygyň ösmegine Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen bilelikdäki çäreler ýardam berýär.Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri soňky döwür halkara maslahatlaryň, seminarlaryň, „tegelek stollaryň“ merkezine öwrüldi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen Türkmenistana berlen dünýa tejribesinde deňi – taýy bolmadyk halkara- hukuk „hemişelik bitaraplyk“ derejesi eýýäm 16 ýylyň dowamynda öz taryhy maksadalaýyklylygyny tassyklap gelýär. Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny we ikitaraplaýyn bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär.
Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň özygtyýarlygynyň we çäk bitewüliginiň howpsuzlygyny üpjün etmeklige mümkinçilik berýär, sebäbi BMG-yň ýolbaşçylygynda dünýä jemgyýetçiligi türkmen bitaraplygynyň kepili bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi oňa Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkez hökmünde çykyş etmäge hukuk berýär. Muňa Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş Diplomatiýasynyň sebit Merkeziniň açylmagy hem mysal bolup biler.
Türkmenistan daşary syýasatynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine salgylanmak bilen, ençeme halkara Konwensiýalaryna goşuldy hem-de olaryň kadalaryny milli kanunçylyga girizdi. Şunlukda Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistan umumy kabul edilen halkara kadalarynyň esasy ugurlaryny ykrar edýar. Meselem, Türkmenistan halkara guramalarynyň tekliplerini hasaba almak bilen, Türkmenistanda intellektual hukuklar we şahsy eýeçilik serişdeler ulgamynda , şeýle hem awtorlyk we bilelikdäki hukuklary goramak boýunça normatiw kadalaryň taslamalary taýýarlanyldy.
Häzirki wagtda global we sebit möçberinde durnukly ösüşiň wajyp alamaty bolup çykyş edýän Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hemişelik bitaraplyk derejesiniň berilmegi ýurduň halkara abraýyny köp babatda öňünden kesgitledi. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi ýurduň ösüşini bütündünýä ösüşi bilen bilelikde ösmegini üpjün edýär.